1.Türkmenistan döwletimiziň ilatynyň saglygyny goramakda we ony dikeltmekde asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Onlarça saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalary, oba saglyk öýleri, şypahanalary gurulyp keselleri anyklamak we bejermek üçin hem dünýä meşhur kompaniýalaryň öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary ornaşdyryldy. “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda uly netijeler gazanyldy. Ýurdumyzda düýbünden drakunkulýoz, poliomiýelit (ysmaz), gyzzyrma keselleri ýok edildi. Yzygiderli öňüni alyş sanjymlary edilýär we ilatymyz üçin mugt hem-de elýeterlidir. Ýod bilen baýlanyşdyrylan nahar duzy, demir we foliý turşusy bilen baýlanyşdyrylan uny öndürilýär. Enäniň we çaganyň saglygyny goramakda uly üns berilýär. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak meselelerine-de uly üns berilýär. Ýewropa sebitinde temmäki önümleriniň iň pes ýaýran ýurdy Türkmenistan bolandygy Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edildi. Ýurdumyzda yzygiderli sagaldyş, bedenterbiýe, sport çäreleri geçirilýär we olara raýatlaryň ähli gatlaklary çekilýär. Biziň ýurdumyzda Döwlet meýletin saglyk ätiýaçlandyryşy boýunça şertnama baglaşan raýatlar we olaryň eklenjindäki 16 ýaşa çenli maşgala agzalary Türkmenistanyň döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasynyň ýeňilliklerinden peýdalanýarlar. Saglygy goraýşyň kanunçylyk binýady gyşarnyksyz kämilleşdirilýär, täze kanunlaryň birnäçesi, hususanda “Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda”, “Iýmit önümleriniň hili we howpsyzlygy hakynda”, “Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak hem wagyz etmek we çaga iýmit önümlerine bildirilýän talaplar hakynda”, “Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2013-2017-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” kanunlar kabul edildi. 2.Keseli bejermekde we saglygy berkitmekde ösümliklerden peýdalanmaklyk gadym wagtlardan bäri dowam edip gelýär. Ýer togalagynyň florasy, dermanlyk ösümlikleriň tükeniksiz çeşmesi bolup, 12 müňden gowrak görnüşli dermanlyk ösümlikleri ösýär. Şolaryň 230 töweregi Türkmenistanyň paýyna düşýär. Şol ösümlikleriň biri hem ,,Ýaşyl dermanhananyň“ ,,Altyn kök“ ady bilen tanalýan süýji buýandyr. Jeýhun derýasynyň kenarynda bitýän bu ösümlik düzüminiň köpdürliligi we ekologiki taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Süýji buýan düzüminde Ca we K duzly glisirizin saponini , flawonoidleri , mono we disaharidleri we birnäçe ösümlik beloklaryny saklaýar. Buýan köki gaýnatma , demleme görnüşinde ulanylýar, şeýle hem buýan kökünden goýy we gury ekstraktlar taýýarlanylýar. Buýan köki madda çalşygyny kadalaşdyryjy, aşgazan içege we dem alyş ýollarynyň kesellerinde çişi gaýtaryjy hökmünde, allergiki dermatitde, ekzemada we böwrek üsti mäziniň, gabynyň işini ýokarlandyryjy serişde hökmünde ulanylýar. Buýan kökiniň goýy ergininde onuň biologik işjeňlik derejesini ýokarlandyrýan glisirizin turşusyna we flawonoidlere aýratyn üns berilýär. Ýokanç gepatit keselinde buýan köküniň goýy ergininiň guradylan görnüşini umumy bejerginiň gapdaly bilen kömekçi serişde hökmünde ulanylanda kesel alamatlarynyň pese düşmegine we keseliň gaýdyşmak döwrüniň gysgalmagyna getirýändigi ylmy barlag işleriň üsti bilen subut edildi. Şeýle-de buýan köküniň goýy ergini bedeniň kesele garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmakda ulanylýar. Lebap welaýatymyzdaky ,,Buýan“ oba senagat toplumynyň durky täzelendi we buýan kökünden külkeler, goýy we gury ekstraktlar, çaýlardan başgada buýan toşabyny taýýarlamaklyk ýola goýuldy. Toplumda öndürilýän önümler diňe bir ýurdumyzda däl eýsem bütin dünýä saglygy goraýyş guramalary Ýewropa we beýleki daşary ýurt döwletleri tarapyndan uly gyzyklanma bilen satyn alynýar. Sebäbi Lukman Hekimiň aýdyşy ýaly:,,Keseli bejerende onuň öňüni almak aňsatdyr“, Buýan köki bolsa ýokarda bellenilişi ýaly köp keselleriň dermanydyr. 3.Lebap welaýatynyň enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň hirurgiýa bölüminde uly işler amala aşyrylýar. Torakal hirurgiýasy boýunça öýkeniň doga kistalaryny, ehinokokk kistalaryny, bronhlaryň del jisimini, şikes zerarly zeperlenmelerini häzirki zaman usullary bilen operatiw bejergiler geçirilýär. Abdominal hirurgiýasy boýunça doga pilorostenozda (piloromiotomiýa), 12-barmak içegäniň ýanykdan soňky daralmagynda (gastroenteroanastomoz Gakkeriň usuly bilen), inçe we ýogyn içegelerde ýiti hirurgiki kesellerinde (içege inwaginasiýada, towlanmagynda) doga kemisliklerde (atreziýalarda, Leddonyň sindromy, Girşprungyň keselinde), içegeleriň kistoz kesellerinde, peritonitlerde häzirki zaman usullary ulanyp operatiw bejergi (Dezinwaginasiýa, içege rezeksiýasy, içege anastomozy goýmak, Soawe-Lenýuşkiniň usuly bilen interarektal garyn-aralyk proktoplastika, enterostoma, kolostoma goýmak) geçirilýär. Böwrek we peşew ýollaryň daşly kesellerinde daşlary aýyrmak (Piýelolitotomiýa, ureterolitotomiýa, sistolitotomiýa), idronefrozda: rekonstruktiw-plastiki operasiýalar (Foleýiň, Kuçeriň usullary bilen), peşew halta-peşew akar reflýukslarynda antireflýuks operasiýalar (Gegaryň, Politano-Ledbetteriň usuly bilen) gipospadiýalaryň dürli görnüşlerinde uretroplastika (Dýupleýiň, Rusakowyň usullary bilen) operasiýalar geçirilýär. Bagyrda kistalary aýyrmak, ehinokokkektomiýa, bagryň atipiki rezeksiýasy, holedohyň hirurgiki kesellerinde kistany aýyrmak, holedoho-duodenoanastomoz goýmak operasiýalar geçirilýär. El-aýaklaryň ýanykdan soňky kontrakturalarynda we deformasiýalarynda plastiki operasiýalar geçirilýär 4.Ýurdumyzda düýbünden drakunkulýoz, poliomiýelit (ysmaz), gyzzyrma keselleri ýok edildi. Yzygiderli öňüni alyş sanjymlary edilýär we ilatymyz üçin mugt hem-de elýeterlidir. Ýod bilen baýlanyşdyrylan nahar duzy, demir we foliý turşusy bilen baýlanyşdyrylan uny öndürilýär. Enäniň we çaganyň saglygyny goramaklygyna uly üns berilýär. Köp çagaly maşgalalar döwlet tarapyndan goldanylýar, çagalara mugt lukmançylyk kömegi berilýär. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak meselelerine-de uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen biziň ýurdumyzda temmäki önümleriniň ýaýramagy we ulanylmagy birnäçe esse kemeldi, temmäki önümlerini ulanmak sebäpli döreýän keselleriň dereje ençeme azaldy. Ýurdumyzda yzygiderli sagaldyş, bedenterbiýe, sport çäreleri geçirilýär we olara raýatlaryň ähli gatlaklary çekilýär. Biziň ýurdumyzda Döwlet meýletin saglyk ätiýaçlandyryşy boýunça şertnama baglaşan raýatlar we olaryň eklenjindäki maşgala agzalary Türkmenistanyň döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasynyň ýeňilliklerinden peýdalanýarlar. Döwletimiziň saglygy goraýşynyň kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. “Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda”, “Iýmit önümleriniň hili we howpsyzlygy hakynda”, “Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak hem wagyz etmek we çaga iýmit önümlerine bildirilýän talaplar hakynda”, “Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2013-2017-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” kanunlary kabul edildi.

Köneler, BegaLukman tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir