Türkmenistanyň halk artisti, ussat aýdymçy Atageldi Garýagdyýew Moskwanyň konserwatoriýasyny tamamlap gelen badyna Türkmen döwlet akademiki opera we balet teatryna işe başlaýar. Ol teatryň goýan oýunlaryna tiz girişip, olarda esasy rollary ýerine ýetirýär. Atageldi Garýagdyýewiň, Daňatar Öwezow bilen Adrian Şapoşnikowyň “Şasenem-Garyp” operasyndaky Ezber hojanyň keşbini döredişi oňä uly üstünlik getirýär. Şol wagta çenli Ezber hojanyň partiýasyny Türkmenistanyň at gazanan artisti Muhtardan başga aýdyp biljek aýdymçy ýok diýip pikir edenler, ýaş artistleriň joşuşyny görüp, ýalňyşýandyklaryny birinji spektaklda boýnuna aldylar. Egni horjunly, güler ýüzli daýow söwdegäriň: “Halandan gelmişem bir ýar ýitirip, ýarymyň adyna Gülnahal diýerler”- diýip, başlaýan aýdymy soňlanan badyna, zalda oturanlar ör turup, esli wagtlap çapak çalyp durdylar. Aýdymçynyň sesi zaly titredip durdy. Ýakymlylygy janyňa şypa berýärdi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň açylmagy bilen ençeme opera oýunlarynda üstünlikli çykyş eden Atageldi Garýagdyýew täze teatra işe geçýär. Ol täze teatrda-da, aýdymçy, artist wezipelerde işläp, ençeme keşpleri döredýär. “Sözlär tili Türkmeniň”, “Soragym bar jan eje”, “Görogly”.... ýaly oýunlaryndaky çykyşlary Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewa hem şöhrat getirdi. Annaberdi Agabaýewiň “Soragym bar jan eje” oňny ýaş ösdürümleriň, durmuşda öz ornuny tapyşy hakynda, öz söýýän käri boýunça okamagy höwes edişi, kynçylyklary ýeňip geçişleri barada mesele gozgaýar. Şol oýundaky aljyraňny, ýöne dogry gepli professoryň rolyny Atageldi halypa ýçin ýörite ýazylan ýaly. Bir görseň gaharjaň-bir görseň çekinjeň hakykatçy we birsözli professoryň keşbinde artist sungata bolan söýgüni, ýaşlaryň öz saýlan kärine wepalydygyny goldaýar. Ol Muhat aga bilen arkalaşyp, ýaňy 18 ýaşan ýetginjeklere durmuşa batly gadam basmany öwredýär. Atageldi Garýagdyýewiň Jygalybegem talapkär tomaşaçylary tolgundyrdy. Gadymy Türkmen medeniýetiniň iň bir adygan, iň bir hatyraly keşplerini döretmek aňsat iş däl. Atageldi bu keşbi mynasyp keşbirlemek bilen ýaşlara ýol görkezdi. Atageldiniň Kemine şahyryň rolunda, kino sungatynda galdyran yzam taryhda galar. Ýöne onuň estrada sungatyna goşan goşandy hasam äpetdir. Atageldiniň dostlary Nury Halmammedow we Gurbannazar Ezizow bilen ençeme aýdymlary dünýä indirdiler. Ýakymly hoş owaz bilen dostlarynyň ýazan aýdymlaryny we sazyny ýüreklere ýetirdi. Olar üç bolup onlarça aýdymlary bize sowgat etdiler. Atageldi Garýagdyýewiň “Iki agaç”, “Gitme ýok”, “Türkmen sährasy”, “Näzlene”, “Ýaýla hüwdüsi”, “Aşgabat”, “Söýgi aýdymy”, “Front ýollarynda” ýaly ýaly aýdymlary şu gün hem uly ürç bilen köpçülik tarapyndan aýdylýar. Halypanyň ýerine ýetiriş sungaty gaty ýokarydyr. Oňa atly-atly aýdymçylaram, höwesjeňlerem öýkünäler, ondan öwrenýärler. Agaç agaja bakar, Arasyndan suw akar. Akar üçin parky ýok, Ikisinem deň ýakar. Şu aýdymy uludan kiçä hiňlenmeýän ýok bolsa gerek. Çopanam, daýhanam, öý hojalykçam, artistem.... Bu aýdymy häli şindi ýatlaýar. Ony ýatlaýanam meşhur aýdymçymyz Atageldi Garýagdyýewiň hoş owazy, “Maňa seniň gözleriňden gitme ýok” bu jümläni halypanyň aýdyşynda müdümilik söýgi, ýara bolan wepadarlyk çintgenilýär. “Türkmen sährasy” hem ürüç bolup aýdylýan aýdyma öwrüldi. Eserde tebigata, gözel sährämize, watana bolam garaýyş nygtalýar. Gün-günden gözelleşýän paýtagtymyzyň waspy edilýän “Aşgabat” ümbülmez sähräni tutup duran al elwan ýaýalamyzyň waspy ýetirilýan “Ýäýla hüwdüsi” hem diňleýjileriň göwnünden turdy. Atageldi Garýagdyýew kompozitor Nury Halmammedowyň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine döreden ona golaý döreden aýdymlary (Hoş gal gözel Şirgazy, Aýa döndi, soňy dagy we ş.m...) köpçülige hödürledi. Ol ajaýyp aýdymlary ýazga geçirilip, halka ýetirildi. Daňatar Hydyrowyň “Aşyk bolmuşam”, Aman Agajykowyň “Aýryldym”, Aşyr Awdyllaýewiň “Gerekdir”, Suhan Tüýliýewiň “Ili Gözlär”, “Pukaraýam” aýdymlary hem Magtymgulynyň şygyrlaryna ýazylan we ussat aýdymçymyzyň repertuaryna berk ornaşan eserlerdir. H. Bäşimow Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.

Köneler, Horjun tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir