"Batmasyn tikenem,urmasyn günem, Gyýmasyn ýekenem,ýykmasyn ýelem." Häli häzirlerem çagajyk ýaly, Meni ähli zatdan goraýar enem. Ýa$ym ýigrimiki,boýlarym derek, Otuz ýa$ bol,enem üçin nämejik, Henizlerem meniñ ýörgünli adym, Oñ dilinde,po$alajyk,bäbejik. Gidýä diýip gaýgylanma jan ene, Ìne okuw dynar,gelerin ýene. Palistinda kellesinden tañk ýörän, Çaganyñ enesäm enedir,ene! Mina basyp elsiz,ayaksyz galan, Owgan Selimiñem enesi ene. Afrikada aglap ajyndan ölen, Garaja Ahmediñ enesäm ene. Bu goja dünýäniñ dermansyz derdi. Kän-kän mysaly bar,sözlesek ýene. Ìne gaýgy-gama batyljak bular, Dileg ediljegem bulardyr ene. Doglan günün gutly bolsun mähriban, Uzak ýa$a,kyrkbä$ dagy nämejik. Size uzaklardan bu $ygry ýazan, Ýigrimiki ýa$yndaky bäbejik! Wento: $ahsy döredijilik.( A.Tev.) 25.09.2014.
Eneme.
-
phenomen2
10 years ago
- Manyly goşgy.Has-da 3-nji we 4-nji topbaklary täsirli.
-
phenomen2
10 years ago
- Vento bilen Friendship zor şahyr agzalarymyzdyr :)
-
Turkmenhanymy
10 years ago
- Vento jigim tuweleme,sag bol!Sheyle yashda oran uly ukybynyz bar.
Venton setirlerinde sheyle bir adamcylygy goryan,ozunizi kamilleshdirip bilipsiniz.
-
vento
10 years ago
- Sagbolun dostlar,minnetdar hemmänize!
mirasymyz 10 years ago- Salam Wento! Tüweleme, eneňize haýyrly uzak ýaş nesip etsin!
Goşgyda dogry mysallar getiripsiň.