Dzýudo boýunça 52 kilogram agramda çykyş eden ussat türgenimiz Gulbadam Babamyradowa ilkinji tutluşugynda Gyrgyzystanly garşydaşyny utup ýaryşy dowam etmäge hukuk gazandy. Gülbadamyň owadan ýeňşi tälimçilerde, hünärmenlerde uly gyzyklanma döretdi. Olar dessine ildeşlerimiziň usullaryny, tilsimlerini öwrenip degerli netijeleri özleriniň şägirtlerine sapak edinmegi tabşyrdylar. Bir usuly ikinji gezek ulanmazdan başga tilsimler bilen tutluşugy dowam etmek garşydaşy tutuwbaşdan aljyraňňy ýagdaýa salýar. Şeýle ýagdaý Gülbadamyň koreýaly türgen bilen geçiren ikinji tutluşugynda aýdyň duýuldy. Janköýerleriň uly goldawyna garamazdan ussat Türkmen türgeni garşydaşyny ýeňmegi başardy. Ildeşimiziň bu üstünligine elbet-de, beýleki türgenleri düýpli pikirlenmäge mejbur etdi. Ol pikirler garşydaşlar üçin Gülbadam bilen duşuşmazlykdan ybarat boldy, çünki Gülbadam bilen duşuşmak islendik türgeni ýeňlişe getirýärdi. Ildeşimiziň maksada okgunlulugy, yhlasy, ýeňşe tarap bolan ynamy belentliklere özboluşly ädime öwrüldi. Gülbadam Babamyradowa üçünji tutluşugyny ençeme ýaryşlaryň ýeňijisi Gazagystanly türgen bilen geçirdi. Bu tutluşygynda ajaýyp üstünlik gazanyp ildeşimiz aýgytlaýjy duşuşykda çykyş etmäge hukuk gazandy. Final duşuşygyny Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň türgeni bezedi. Dzýudo boýunça ýaponiýaly türgenleriň dünýäde ussatlar hasaplanýandygyna garamazdan ildeşimiz garşydaşy bilen deň derejede bäsleşdi. Gülbadam aýgytlaýjy tutluşykda ikinji orny eýeledi we Aziýa Olimpiýadasynyň kümüş baýragyna mynasyp boldy. Türkmen türgeniniň her bir tilsimdäki owadanlygy, usullaryň inçeligi dzýydo göreşi boýunça özboluşly türkmen ýolunyň kemala gelýändigini subut etdi. Üstünlik Türkmen sportunyň abraýyny belende göterdi. Biziň türgenlerimiz üçin bu ýaryşlar aziýa yklymynyň iň güýçli türgenleri bilen bäsleşikde tejribe toplamaga oňat mümkinçilik bolar. Bu tejribe 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V-nji Aziýa oýunlarynda hem gerek bolar. Türgenlerimize aziýa oýunlarynyň indiki duşuşyklarynda ütünlikli çykyş etmeklerini arzuw edýäris.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir