5 müň ýyllyk taryhy başyndan geçiren merdana türkmen halky özüniň geçen taryhy ýolunda ençeme gymmatlyklary döredip, öz nesline dowamatyna geçirip bilen halk. Ata-babalarymyzdan miras galan, üstünden näçe asyr geçse-de öz gymmatyny gaçyrman gelen milli gymmatlyklarymyzyň biri-de nakyllardyr. Nakyllar biziň gadym döwrümizde döräp, şu günki günlere çenli gelip ýetipdir. Olar biziň ata-babalarymyz tarapyndan döredilipdir. Olaryň durmuşyň dürli kynçylyklaryny , begenjini, gynanjyny görüp aýdan parasatly sözleri nakyla öwrülipgidipdir. Şonuň üçin hem olara atalar sözi diýip hem aýdylýar.Adamzat aňynyň önümi bolan her bir pikir elmydama görelde alarlyk, nusgalyk derejede bolup bil¬me¬ýär. Edil şonuň ýaly-da islendik görelde alarly we nusga edinerli pikir-de nakyl bolup bilmeýär. Şeýle bolandan soň her bir nusgalyk pikiriň nakyl derejesine göterilmegi üçin aýry-aý¬ry şertler gerek. Her bir aýdylan pikiriň nakyla öwrülmegi üçin ol pikir giň halk köpçüliginiň telim ýyllaryň dowamynda sy¬na¬gyn¬dan geçen, tejribelerinde ýetjek derejesine ýeten pikir bol¬maly. Diňe şeýle ýagdaýda ol aýdylan pikir nusgalyk derejä eýe bolup, adamlary özüne çekip, olaryň ynamyny gazanyp biler.Nakyllar merdana pederlerimiziň durmuşa eden ýiti synçylygy, başyndan geçiren taryhy wa¬ka¬lary, gündelik iş salşyp ýören tebigat we haýwanat dün-ýäsi, ýer we asman jisimlerine bolan gatnaşyklary, günde-günaşa gaýtalanyp duran tebigy hadysalara bolan garaýyşlary, uzak wagtyň dowamynda geçiren tejribeleri, göz ýetiren närseleri, garaz, ýaşaýyş we durmuş şertleriniň ählisini öz içine al¬ýan meseleler esasynda döräpdir. Olar diňe bir adamzat jemgyýetiniň elmydama hereket ed¬ýän we üýtgäp durýan ählumumy kanunlaryna göz ýetirmek üçin niýetlenmän, eýsem tebigatda bolup geçýän hadysalara, asman jisimleriniň hereketine, haýwanat dünýäsiniň aýratynlyklaryna hem akyl ýetirmäge mümkinçilik döredýärler. Her bir nakylyň öz döreýiş taryhy, gelip çykyş aýratynlygy bar. Ata-babalarymyz ylmy açyşlary, tebigatda bolup geçýän çylşyrymly hadysalary terbiýeçilik, ýol görkezijilik äheňinde nakyllarda bermegi başarypdyrlar. Mysal üçin: ”Almany göge zyň, ýere düşýänçä ýa pelek” diýen halk nakylyny alyp göreliň, dogrudanam , ählimize mälim bolşy ýaly, almany asmana zyňsak, ol ýeriň dartyş güýjüne, ýagny bütindünýä grawatasiýa hadysasy netijesinde ýere düşer. Almanyň ýere düşmegi üçin sähelçe wagt gerek. Ýokary zyňlan alma ýere düşýänçä her sekuntda 9,8 m/s tizlenmesini artdyrýar. Onuň ýere düşmesi üçin sähelçe wagt gerek. Nakylyň manysy hem şondan ybarat almanyň göge zyňlyp ýere düşýänçä gerek bolan sähelçe wagtynda-da köp zadyň üýtgemegi, köp hadysalaryň bolup geçmegi mümkin. Şonuň üçin hem her pursatda sabyrly bolmaly, göwnüçökgünlige ýol bermeli däl. Dowamy bar...

Köneler, TDUayka tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir