Hünärmenler ulularyň maglumatlary has içgin syn edýändigini mälim edýärler. Alymlar näme üçin ululara daşary ýurt dilini öwrenmegiň juda kyn düşýändigini, şol birwagtyň özünde çagalaryň daşary ýurtlularyň arasyna düşende dili juda tiz özleşdirýändigini derňediler. Awtorlar öz gelen netijelerini "PLOS ONE" zurnalynda neşir etdiler. Ozaly bilen, ulularyň beýnisine garanyňda, çagalaryňkyda alnan maglumatlary berkidýän neýronlaryň arasynda täze arabaglanyşyk emele gelýär. Ýöne iş diňe munda hem däl. Hünärmenler ýörite geçirilen barlaglarda ululara dil öwrenmäge päsgel berýän başga ýagdaýlary ýüze çykardylar. Ulular aýry sözleri üçin, çenden artyk akyl zähmetini sarp edýärler, bu ýagdaý olara geň hem bolsa, päsgel berýär. Olar alnan maglumatlary çenden artyk analiz edýärler. Çagalar bolsa, aragatnaşygyň elementi hökmünde sözleri tebigy ýagdaýda özleşdirýärler. Alymlar muny subut etmek üçin synag oýlap tapdylar. Olar synagdan geçirilýän iki toparyň ýatda saklamaly manysyz, emeli sözleri oýlap tapdylar. Bu topardan sözleriň üstünde pugta oýlanmazlygy we ony diňe olaryň yzygiderli diňlemeklerini sorapdyrlar. Olaryň beýnisiniň pikirini bölmek üçin olara şol wagt reňkli ýşyklary görkezipdirler. Beyleki bir topardan bolsa, sözleri ýatda saklamaga tagalla etmeklerini sorapdyrlar. Synag edilýänler beýlekileriň arasyndan emeli sözleri tapmaly bolupdyrlar. Test ýumuşlarynyň netijesinde has köp tagalla eden topar pes netije beripdir.

Köneler, Horjun tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir