Tüçjar baýlaryň biri daýhana özüniň guýusyny satypdyr. Ekin möwsümi delende daýhan ýaňky guýusynyň suwuny peýdalanmak isläpdir, emma tüçjar baý: “Men saňa guýyny satdym, onuň içindäki suwy satmadym. Eger-de ekiniňi suwarmakçy bolsaň, suwuň bahasyny aýratyn tölemeli bolarsyň”- diýipdir. Daýhan bu geleşige razy bolmandyr we kaza ýüz tutupdyr. Kazy hem taraplary diňlemek üçin tüçjary kazyýete çagyrypdyr. Kazy tüçjar baýa: “Eger-de sen diňe guýyny satyp, içiniň suwuny satmadyk bolsaň, onda sen öz suwuňy onuň guýusynda saklandygyň üçin daýhana hak tölemeli bolarsyň. Ŷa-da guýyň ähli suwuny oňa bagyş etmeli bolarsyň” diýipdir. Tüçjar baý bu ýerde ähli hile-piriminiň, öňden taslan ýaman päliniň ýol almagyna düşünipdir we öýüne lapykeç dolanmaly bolupdyr.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir