Häzirki zaman dünýäsinde syýahat durmuşymyzyň ep-esli bölegini tutýar. Goý ol iş sapary ýa-da dynç almak üçin syýahat bolsun, tapawudy ýok, biz özümizi hökman rahat duýmaly we töweregimizdäkiler bilen ynamly gatnaşyk saklamaly, şoňa görä, daşary ýurt dilini, ozaly bilen bolsa, iňlis dilini öwrenmek zerurlygy ýüze çykýar. Häzir¬ki wagtda şeýle zerur işe ýardam bermek üçin döredilen, dürli-dürli gollanmalar, gepleşik kitaplary, audio we wideo kurslar has meşhurlyk gazanýar. Gollanmalar örän ýeterlik bolup, okyjylardan diňe isleg, üns we sabyrlylyk talap edilýär. Emma mahabatlandyrylýan kurslar köp wagt talap edensoň, işli adamlaryň oňa gatnamaga mümkinçiligi örän az bolýar. Şonuň üçin iň amatly çykalga iňlis dili¬ni özbaşdak öwrenmek bolup durýar. Size täze materialy öwrenmek aňsat bolar ýaly we iş wagtyňyzy dogry bölüşdirer ýaly käbir maslahatlary berýäris. Şeýlelikde, eger siz iňlis dilini ilkin¬ji gezek öwrenmäge girişýän bolsaňyz, onda "muny diňe ýaş wagtyň öwrenmek mümkin" diýip, tassyklaýanlara onçakly üns bermäň. Siz näçe ýaşyňyzda bolsaňyz hem iňlis dilini islendik ýaşda öwrenip bilersiňiz. Ylym öwrenmek ukyby biz doglanymyzda gursagymyza guýlan we ýaşyň ulalyşmagy bilen ol hiç ýere gitmeýär. Eger-de siz iňlis dilini özbaşdak öwrenmekligi baş maksadyňyz edip goýan bol¬saňyz, onda bu dil hakykatdan hem size zerur we siz muňa ynamly çemeleşmelisiňiz! Hut daşary ýurt dilini öwrenmek baradaky şahsy isleg esasy sebäp bolup, ajaýyp netijelere alyp barar! Eger size başga bir dil gyzykly bolsa, onda ony saýlaň. Iň esasy zat hem, okuw prosesi size lezzet bermeli we artykmaç ýük bolmaly däldir. Eger-de sizde ynam ýeterlik bolsa, onda işe başlaberiň. Ilki artykmaçlyklaryndan başlalyň. Siz öwrenmegiň iň amatly usulyny saýlap alyň. Her günde öz şahsy "iş mümkinçiligiňizi" göz öňünde tutup, iňlis dilini öwrenmek üçin belli bir wagtyňyzy aýyryň. Kimdir birine ir bilen pikir etmek, kime bolsa agşam aralar pikir etmek aňsat düşýär. Şeýle hem işden gelen badyňyza sapaklaryňyza başlamagyň zerurlygy ýok, ilki başga bir zatlara güýmeniň, dynç alyň, şeýle etseňiz maglumatlary özleşdirmek has netijeli bolar. Emma sapaklar gündelik we wagtly-wagtynda bolmalydyr we bu ýagdaý esasy şertleriň biri bolup durýar. Bir sapagyň dowamlylygy uly bolmadyk zerur arakesme bilen 60-90 minutdan geçmeli däldir. Iňlis dili we beýleki islendik diller özbaşdak öwrenilende ähli duýgy synalarynyň hereketde bolmagyny talap edýär. Siz okaýan we audio sapaklary diňleýän wagtyňyz görüş we eşidiş ýadyňyzy ulanmalysyňyz. Maglumatlara eýe bolmak üçin has köp tagalla ediň. Iňlis dilinde filmlere serediň, iňlis dilinde ýazylan nusgawy eserlere düşünmäge synanyşyň, aýdym -sazlary diňläň! Häzir şeýle bir mümkinçilikler köp bolup, oňa diňe isleg gerek! Indi bolsa ýalňyşlyklar barada. Iňlis dilini öz¬başdak öwrenmegi saýlap alan köp adamlar, onçak¬ly yhlas etmän, şol bada haýsydyr bir netijele¬re garaşýarlar. Bu bolsa müm¬kin däldir. Eger siz özbaşdak okap bilim almagy saýlap alan bolsa¬ňyz, jogapkärçilik diňe öz boýnuňyzadyr. Ýene-de bir ýalňyşlyk ol hem öwrenme¬giň depginini artdyrmak bolup durýar. Mysal üçin, 5-6 sany mowzugy dykgatly okanyňyzdan soňra, iňlis dili size örän ýeňil ýaly bolup görünmegi hem mümkindir we indiki bölümde siz ýüzleý geçmäge başlarsyňyz, emma olar welin aňsat ýatda galmaýarlar, we siz has tiz öwrenmegiň ýerine, göze ilip duran ýetmezçilik gazanarsyňyz we telim gezek gaýtalamak meselesi ýüze çykar. Şunuň ýaly "wazyrdap geçip gitmegiňizi" ozal siz iňlis dilini öwrenen bolsa¬ňyz we özbaşdak iňlis dilini öwrenmegi öz bilimiňizi kämilleşdirmek üçin başlan bol¬saňyz aklap bolar. Indi bolsa ýakymly gürrüň edýäris. Hemişe öz gazanan üstünligiňize guwanyň. Eger mümkinçilik bolsa iňlis dilinde gürleýän ýurtlaryň we olaryň ýaşaýjylarynyň medeniýeti bilen tanyş boluň. Bu ýagdaý bolsa, öz güýjüňize we mümkinçiligiňize ynam berer we maksada ýetmäge berk ynam döreder! Size üstünlik arzuw edýäris!

Köneler, Horjun tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir