Berlinde kepderileriň özboluşly bäsleşigi geçirilýär «Sport kepderileriniň halkara marafony" diýlip atlandyrylýan bu basleşige dünýäniň onlarça ýurdundan kepderiler gatnaşdyrylýar. Olary ýaryşyň guralýan şäherinden uçuryp goýbermek bilen öz ýaşaýan ýerini çalt tapyp bilşine görä baha berilýär. Marafona gatnaşýan guşlaryň hersiniň bir ýurda degişlidigi üçin olaryň geçen aralygy we oňa sarp eden güni seljerilip, kepderilerin ortaça tizligi hasaba alynýar. Şonuň netijesinde hem olaryň haýsy biriniň ýeňiji bolandygy kesgitlenilyar. Bu bäsleşigiň guramaçylarynyň aýtmagyna gora, marafona gatnaşýan ýurtlara wekilçilik edýän kepderileriň umumy möçberiniň 20 göterimi oz mekanyna dolanyp baransoň, onuň jemleri jemlenilýär. Ukraina wekilçilik edýän kepderileriň biri 8 gunde l müň 500 kilometr aralygy geçip, öz "höwürtgesine dolanypdyr. Bu bolsa oňat görkezijileriň biri hasaplanýar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir