Ençeme gezek Ginnesiň rekordlar kitabynyň taryhynda öz adyny ebedi galdyryp, dünýä ýüzünde ylalaşygyň, parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, beýik ruhubelentligiň dabaralanýan şäheri bolan Aşgabat bu günki gün köpçülikleýin sportuň we bedenterbiýäniň ösýän, abraýly halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Jenneti ülkämiz uludan kiçä her bir raýat üçin arzuwlaryň wysal bolýan ýurduna öwrülýär. 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň mekany hökmünde biziň ata Watanymyz Türkmenistanyň saýlanylmagy bolsa biziň her birimizi buýsandyrdy, guwandyrdy. Şu ýerde ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň taryhyna ýüzlensek, ilkinji Aziada 2005-nji ýylda Bangokda (Taýland) geçirilip, onda 45 ýurtdan 2343 türgen sportuň 12 görnüşi boýunça özara ýaryşypdyrlar. 2007-nji ýylda, Hytaýyň Makau şäherinde ikinji Aziada geçirilipdir. Oňa 44 ýurtdan 2476 türgen gatnaşyp, sportuň 27 görnüşi boýunça ýaryş geçirilipdir. Üçünji Aziadada 43 ýurtdan gelen 2396 türgen sportuň 28 görnüşi boýunça Wýetnamyň Hanoi we beýleki şäherlerinde özara ýaryşlary gurapdyrlar. Dördünji Aziýa oýunlary 2013-nji ýylda Inçhonda (Koreýa) geçirilipdir. Oňa 44 ýurtdan 2472 türgen gatnaşypdyr, sportuň 9 görnüşi boýunça ýaryş geçirilipdir. Nesip bolsa, 2017-nji ýylda bu abraýly sport ýaryşy biziň ýurdumyzda geçiriler. V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde sportuň ýeňil atletika (ýapyk desgada), suw görnüşleri (suwda ýüzmek 50m, suwda oýnalýan pökgi), basketbol, futzal, tennis, tigir sürmek (trek görnüşi), sport göreşi (erkin we grek-rim), küşt, sport tansy, agyr atletika we pauerlifting, kik-boksing, taý boksing, sambo, kuraş, guşakly göreş, jiu-jitsu, taekwondo (WTF) we başga-da dürli sport görnüşleri boýunça ýaryşlaryň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi ýaşlarda dürli sport görnüşlerine höwesi artdyrar, ýurdumyzda bedenterbiýe we sagaldyş sport hereketini pugtalandyrar. Bu ugurda Merjen şäherimiz Aşgabatda taýýarlyk işleri uly depginde alnyp barylýar. Häzirki wagtda paýtagtymyzy iri sport merkezine öwürmek, daşary ýurtly myhmanlary göwnejaý garşylamak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. 2017-nji ýylda geçiriljek Aziada-2017–ä hemmeler sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Türkmen türgenlerimize bolsa bu ýaryşda üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.

Köneler, TDUayka tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir