Käbir maşgalalaryň bagtly bolmaklary üçin diňe birazajyk zat ýetenok. Egerde, tagalla edilse, ömürboýy baglaşylan nika hakykatdan hem ebedi bolar diýip, maşgala psihologlary aýdýarlar. Öz adamyňyzy irizmän, onuň gazanýan puluna siziň umumy maşgala býudjetiňiziň düzülýändigini düşündirmäge çalyşyň. Hatda, siz köpüräk gazanýan hem bolsaňyz, ol hökman özüni gazanç getiriji hökmünde duýmalydyr. Erkek maşgalada edep çelgisidir. 0л haýsy zadyň gowudygyny ýa-da erbetdigini çagalara düşündirmelidir. Adatça, maşgala¬da atanyň abraýy has uly bolýar. Hatda, siziň ýoldaşyňyzyň işi köp hem bolsa, barybir ol hojaýynlyk etmäge ýetişmelidir. Erkeklere bu ýaraýaram. Şonuň üçin medeni dynç alşyňyzy nädip geçirmelidigiňiz hakynda öz teklibiňizi öňe sürmezden ozal, ony diňläň we ylalaşyň. Siz her agşam aýak üstünde durup bilmegiňiz üçin, öýde arassaçylygy saklamagyň umumy işdigini ýoldaşyňyzyň düşünmegine mümkinçilik dörediň. Biş-düş işleri zenan maşgalanyň gerdenine düşýär. Sizi mundan hiç bir zat halas edip bilmese gerek. Ýöne erkekleriň hem özbaşdak nahar taýynlamaga höwesiniň bardy¬gyny unutmaň. Iň esasy zat bolsa, onuň bu işi etmäge razy bolmagydyr. Öýde oňaýly aragatnaşygy saklaň. Ýadaw ýoldaşyňyzy diňe naharlamaly. Maşgalada doly özara düşünişmegiň bolmagy üçin onuň işleri bi¬len gyzyklanyň, öz ünsüňizi onuň durmuşynda bolup geçýän zatlara gönükdiriň. Şonda ol uzak ýyllaryň dowamynda size diňe bir öý hojalykçy hökmünde seretmän, eýsem-de bolsa, ilkinji nobatda özi bilen deň adam hökmünde garar. Keýpi kök we şadyýan bolmaga çalşyň. Eger-de, hepdäniň dowamynda erkek öýe dolanyp gelende, oňa içiňden geçip barýan garaýyş we närazy nazar garaşýan bolsa, onda ir-u-giç onuň ýaşaýan ýerini çalyşmaga mejbur boljakdygyna ynanaýyň. Özüňize serediň. Aýal hemişe aýallygyna galýar! Siz örän owadan we mylaýym boluň, şonda erkek şunuň ýaly hazyna eýe bolandygy üçin öz-özüne guwanar. Ýoldaşyňyza ynanyň!... Eger-de, ýoldaşyňyz isleýşiňiz ýaly onçakly size üns bermeýän bolsa, biynjalyk bolmaň. Erkek özüniň ynamdarlygy we oňa getirýän aýlygy gül desselerinden hem gymmatlydygyna ynanýar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir