Ady rowaýata öwrülen Pele 1940-njy ýylda Braziliýanyň Tres-Korasaýesa şäherinde dogulýar. Onuň doly ady Edson Arantis du Nasimentu bolup, Pele onuň lakamydyr. Onuň kakasy Žoao Ramos du Nasimentu hem öz döwrüniň belli futbolçysydyr. Kynçylykly maşgala durmuşy, ýeter-ýetmezçilik zerarly ýaşajyk Pele okuwyndan daşary eklenç üçin hem işlemeli bolupdyr. Işlemek hem okamak kynçylygyny başyndan geçirýän Pelede 7 ýaşynda futbola bolan höwes döräp başlaýar. 01 içine esgidir, kagyz dykylan topy ýasap, deň-duşlary bilen ilkinji gezek futbol oýnamaga başlaýar. Türgenleşik üçin ol apelsini hem ulanar eken. 01 apelsinde dürli görnüşli oýunlary ýerine ýetirip, ony her hili ýagdaýda zyňmagy, gapmagy öwrenýär. Onuň bu bolşuny gören goňşulary haýran galypdyrlar. Bir gün şeýle yagdaýda türgenleşýärkä, ony gapdal goňşusy — daşary ýurtly bir täjir görýär hem-de oňa başyny ýaýkap,«Pe-le» diýýär. Megerem, şu ýagdaýdan soň oňa Pele lakamy berlendir?! Ol hiç hili kynçylykdan çekinmän, her gün yzygiderli türgenleşikleri geçiripdir. «Adam arzuwsyz bolmaz, guş — ganalsyz» diýlişi ýaly, Pele hem meşhur futbolçy bolmagy arzuw edipdir. Türgenleşikleriň netijesinde barha kämilleşýän Pele ilkinji gezek «Amerikana» toparyna kabul edilýär we toparyň düzüminde birnäçe duşuşyklara gatnaşyp, ýokary netijeler gazanýar. Ýaşajyk Pele bu topar bilen Nikola Awalona kubogyna mynasyp bolýar. Soňra «Amerikana» toparyndan «Bakino» toparyna geçýär. Bu topara tälimçilik edýän belli tälimçi Waldemar du Britu Peläni dowamly türgenleşdirip, onuň zehinini açmagy başarýar. 1956-njy ýylda ol «Santos» toparynda çykyş edip başlaýar. Şol wagt bu toparda belli oýunçylar Ramiro, Zito, Zair dagy hem çykyş edýär eken. Bu oýunçylar bilen bir toparda türgenleşmek Pele üçin abraýly menzillere ýetmäge uly mümkinçilik bolýar. 01 sportda ilkinji utugyny «Santos» toparynyň düzüminde çykyş edýärkä tora salmagy başarýar. Wagtyň geçmegi bilen ýaş Peläniň utuk sany artyp, oýny hem has-da güýçlenip başlaýar. Toparyň ýolbaşçylary hem şol wagt Pele bilen 16 aýlyk şertnama baglaşýarlar. Şol wagt Pele bary-ýogy 16 ýaşynda eken. Bu toparda ol jemi 1114 duşuşykda çykyş edip, 1088 utugy derwezä gönükdirmegi başarýar. «Çekseň zähmet, ýagar rehnet» diýlişi ýaly, Peläniň çeken zähmeti, başarjaňlygy öz miwesini eçilýär. Ol Braziliýanyň milli ýygyndysynda 1958, 1962, 1970-nji ýyllarda üç gezekdünýäniň çempiony bolýar. Pele dürli toparlaryň hatarynda 1282 oýunda oýnap, 1364 sapar pökgini tora salmagy başarýar. Pele özüniň ýadawsyz zähmeti bilen ýaşlygyndaky arzuwynyň hasyl bolmagyny gazandy. 01 futbol oýnunyň şasy hasaplanýar. Nesil gazeti

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir