Günlerde bir gün bir irginsiz dilegçi Ependiden onuň eşegini daş ýere münmäge soraýar. Ependi hem bir bahana tapyp, eşegini bermezligi ýüregine düwýär-de: - Häzir eşegim öýde ýok-diýip jogap berýär.Onýança eşegi aňňyrýar.Onda ýaňky dilegçi adam: - Eý, Ependi,sen-ä ýalançy ekeniň. Eşegiň bar ýaly-la!-diýýär. Şonda Ependi: - Men ýalançy bolsam, sen ýürege düşgünç dilegçi. Sen meniň sözüme ynanýarmyň ýa eşegiň sesine? Eger eşegiň sesine ynanýan bolsaň, bar şonuň sesine mün-de ötegit! - diýip jogap berýär.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir