2014-nji ýylyň 16-28-nji awgusty aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Nanjin şäherinde Ýetginjekleriň 2-nji Olimpiýa oýunlary geçirilýär. Ýetginjekleriň 1-nji Olimpiýa oýunlary 2010-njy ýylda Singapur şäherinde geçirilipdi. Ýetginjekleriň arasyndaky 1-nji Olimpiýa oýunlaryna sportyň 21 görnüşi boýunça 205 döwletden 3517 türgen gatnaşypdy. Onda Ildeşlerimizden Halkara derejeli sport ussady boksçy Nursähet Pazzyýew bilen dzýudoçy Jennet Geldibaýewa Olimpiýa oýunlarynyň baýraklaryna mynasyp boldular. Nanjin şäherinde geýiriljek Ýetginjekleriň arasyndaky tomusky 2-nji Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistandan üç sany türgen gatnaşýar. Olimp sport mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Söhbet Tirkişow 62 kg agramlyk derejede agyr atletika boýunça çykyş eder. Ol Ýetginjekleriň arasynda 2010-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň çempionydyr. 2013-nji ýylda Inçeon şäherinde geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatyna gatnaşdy. Iň gowy netijesi silterläp, 117 kg, itekläp 133 kg (jemi-250 kg). Sport ussadynyň derejesini ýerine ýetirdi. Onuň öz netijelerini mundan-da gowulamaga mümkinçiligi bar. S.Tirkişowyň halypalary tälimçiler Garýagdy Aşyrow bilen Wiktor Annanurow. Sportyň erkin göreş görnüşinden Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Muhammet Rozykulyýew Türkmenistana wekilçilik eder. Muhammet 2014-nji ýylda erkin göreş boýunça ýetginjekleriň arasynda 100 kg agramlyk derejede Türkmenistanyň çempiony. Onuň halypasy tälimçi myrat Hojaýew bilen Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ylýas Nepesow. Sportyň suwda ýüzmek görnüşinden Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy, 1-nji derejeli sport ussady Merjen Saryýewa 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmek boýunça çykyş eder. (görkezen netijesi 29,5 sek). Merjen usulda 2010-njy ýyldan bäri hem ýetginjekleriň, hem ulylaryň arasynda Türkmenistanyň çempionydyr. Ol Aziýa oýunlaryna we dünýä çempionatyna gatnaşyp, halkara arenasyna tejribe toplamagy başardy. Onuň halypasy Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, pedogogika ylymlarynyň kandidaty Sergeý Petrowiç Ýepifanow.

Köneler, Akademik tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir