Ozaldan halkymyň adaty şeýle: Ýürekde saklaýar öz ezizini. Bu gün ýüreklere çykdym men seýle: Gördüm ýüreklerde eziz Lenini. Ynha, şat çagalar barýar mekdebe! Olar Lenin hakda aýdym aýdýar. -Lenin eýe etdi bizi mekdebe- Diýip, Lenin bilen öýe gaýdýar. Ynha, haly dokýar bir gözel gelin. Onuň halysynda beýik many bar. Halyda janly dek parlaýar Lenin, Halyda halkymyň mähribany bar.
Lenin (awtoryny biljek boluň)
- 
                cavalli
                11 years ago
                
 - Bah lenini gowy goryanem bar ekenow beyle
 
- 
                messibet
                11 years ago
                
 - Lenin biziň babamyz diýip köp aýdardyk çagakak.
 
- 
                Patron
                11 years ago
                
 - Kerim agadyrda
 
- 
                mirasymyz
                11 years ago
                
 - Bu goşgyň awtory Gara Seýitliýew bolmaly.
 
- 
                Yzganttm
                11 years ago
                
 - HUT SHEYLE
 
teacher1 11 years ago- Çyndanam awtory kimkä?!