Gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolan ütükleriň döreýiş taryhy barada nämeler bilýäris? Ütükleriň döreýiş taryhy öz gözbaşyny XVII asyryň başlaryndan alyp gaýdýar. Ilkibaşda egin-eşikleriň ýygyrtlaryny tekizlemek üçin agyr daşlar gyzdyrylyp ulanylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen ütügiň deregine ot bilen gyzdyrylan saply demirler ulanylypdyr. Ýöne uzak wagtlap gyzgynlygyny saklap bilmän sowaýandygy üçin onuň şekilini üýtgedip, içine kömrüň közüni salyp başlapdyrlar. Köz arkaly gyzdyrylýan ütükler gaty agyr bolupdyr. Adamlar egin-eşigindäki ýygyrtlary aýyrmak üçin uzak wagtlap dürli ýollary saýlap alypdyrlar. "Yhlasamyrat" diýlişi ýaly, wagtyň geçmegi bilen olaryň tagallalary öz oňyn netijesini berip ugraýar. Ilkibaşda taýak, odun, aýna, mermer we.ş.m enjamlar ulanylypdyr. Daşlaryň gyzdyryl¬yp, geýimiň üstünde iki baka gezdirilmegi bilen ütügiň ilkinji nusgalary ýüze çykýar. Taryhda ilkinji gezek saply demir bilen XVII asyrda eşikler "ütüklenýär". Wagtyň geçmegi bilen, otda gyzdyrylyp ulanylýan ütükler köz we kömür arkaly gyzdyrylýan ütükleriň ornuny eýeleýär. ABŞ-ly Henri W. Sily ilkinji gezek ütügi gyzdyrmak üçin elektrik toguny ulanmak bilen 1882-nji ýylda häzirki döwürde ula¬nylýan ütükleriň esasyny goýýar. O1 aradan bir ýyl geçenden son, has takygy 1883-nji ýylda kabelsiz ütükleri ýasap, onuň ulanylyşyny has-da kämilleşdirýär. Bu ütükleriň işleýiş prinsipi häzirki ütüklere gaty meňzeş bolupdyr. Ýagny olar elektrik togy arkaly gyzdyrylan dan son tokdan sogrulyp rahatlyk bilen ulanylypdyr. Ýöne muňa garamazdan, bahasynyň gymmat bolmagy, üstesine-de çydamsyzlygy zerarly onuň geçginliligi pes derejede bolupdyr. 1905-nji ýylda ilkinji gezek elektrik energiýasyny az sarp edýän ütükler satuwa çykarylýar.l926-njy ýylda "Eldez" atly şereket bugly ütük çykarýar. Ýöne geçmişdäki şowsuzlyklar muňa hem belli bir dere¬jede öz täsirini ýetirýär. Adamlar köne endiklerine görä, bu ütükleri ulanmakdan saklanýarlar. Şol sebäpli hem bugly ütükleriň önümçiligi uzak wagtlap dowam etmeýär. Geçen bir asyra golaý wagtyň içinde ütükler has-da kämilleşdirilipdir. Häzirki döwürde ulanylýan döwrebap ütükleriň aglaba bölegi bugly ütüklerden ybaratdyr. Ýaňy öndürilip başlanan uçurlarynda kän bir meşhur bolmasa-da, wagtyň geçmegi bilen bu ütükleriň zerurlygy ýüze çykýar. Häzirki wagtda ulanylýan ütükleriň aglabasy gyzgynlygy belli bir derejä ýetende, öz-özünden awtomatiki ýagdaýda sönýär. Bu bolsa ýangyn howpunyň öňüni almaga, eşigiň zaýalanmazlygyny gazanmaga uly ýardam edýär.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir