Ejesi:
Kitap beýle çalt okalmaýa.Sahypalaryny agdaryp-agdaryp geçip dursuň-la?
Ogly:
Eje, içalyny basymrak tutjak bolýan.
*********
Gara başyna gaý bolup nämä dümtünip otyrsyň?
Öz-özüme hat ýazýanlaý...
Ýeri, onsoň sen öz-özüňe näme diýip hat ýazýaň?
Bilmedim, hatym öýe ertir gelmeli.
**********
Kiçijik ogly bilen ýeke galan kakasy ogluny ýatyrjak bolýar:
Balajygym, saňa erteki aýdyp bereýinmi?
Ýok, aýtma.
Onda goşgy okap bereýinmi?
Ýok , gerek däl.
Onda özüň aýdaý, men saňa näme edip bereýin?
Hiç zat... Men örän ýadadym. Ýatjak.
**********
Ejesi:
Jigiň pişigiň guýrugyndan çekip dur diýdiler.Şo çynmy?
Hawa, eje.
Onda näme üçin jigiňe käýemediň?
Wah, men pişigi saklap durdum-da, eje!
**********
Mugallym sapagy düşündirip , çagalara ýüzlenýär:
Kimde nähili sowal bar?
Mugallym, haçan jaň kakylýar? – diýip , yzda oturan çagalaryň biri dillenipdir.
**********
Mugallym:
Dogryňy aýt, öý-işiňe kakaň kömekleşdimi?
Okuwçy
Ýok, kömekleşmedi.
Mugallym:
Çynyňmy?
Okuwçy:
Çypbakaý çynym, kakam maňa hiç wagt hem kömekleşenok, öý işlerimi onuň ýeke özi edýär.
Degişmeler
-
kitaphanachy
10 years ago
- gyzykly
TDUanna 10 years ago- Maladis!