Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň феврал айynda çykaran “Hususy ýeňil awtoulag serişdeleriniň we motosikliň eýelerine muzdsuz awtomobil benzinini we dizel ýangyjyny bermegi tertipleşdirmek hakyndaky” Karary bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetini yzygiderli ösdürmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak, nebit önümleriniň rejeli peýdalanylmagyny gazanmak we Türkmenistanyň içerki bazarynda ýerlenmegini has-da tertipleşdirmek maksady bilen: - Ýeňil awtoulag serişdesi (agramy 3 500 kilogramdan geçmeýän we sürüjiniň oturgyjyndan başga oturylýan sany 8-den geçmeýän awtoulag serişdesi) üçin bir aýda 120 litr, - Ähli kysymdaky motosikl we motoroller üçin biolsa aýda 40 litr benzini muzdsuz bermeklik kesgitlenipdi. Gynansak-da, bu çözgüt halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulanmagyna öz täsirini ýetirse hem, nebit önümleriniň rejeli peýdalanylmagyna, ýurdumyzyň içerki bazarynda onuň ýerlenmegine we tertipleşmegine getirmedi. Ýokarda agzalan taryhy Kararda nygtalşyna görä, Türkmenistanyň raýatlaryna muzdsuz berilýän ähli görnüşdäki awtomobil benzini we dizel ýangyjy olara tелекечилик maksatlary üçin däl-de, şahsy maksatlar üçin ulanmaga berilmelidi. Emma ýerlerde awtomobil benzininiň we dizel ýangyjynyň tелекечилик maksatlary üçin ullanylmagyna, ýangyjyň tygşytsyz peýdalanmagyna we başga-da birnäçe düzgün bozulmalara getiren ýerleri boldy. Şu ýerde awtomobil benziniň we dizel ýangyjynyň döwlete örän gymmat düşýän baýlykdygyna, dünýä bazarlarynda olaryň nyrhlarynyň ummasyzdygyna ünsi çekmek üçin käbir maglumatlary мысал гетирмек болар. Häzirki döwürde dünýä boýunça benziniň ortaça bahasy 1,5 АБШ-ныñ долларына golaýdyr. Ýewropa döwletlerinde onuň bahasynyň 2-3 доллара йетен ýerleri hem bar. Sebitdäki goňşy döwletlerde benziniň bahasy barada aşakdakylary aýtsa bolar. T/b Ýurtlar Möçberi Benziniň görnüşi Nyrhy 1. Täjigistan 1 litr A-92 A-95 1,3 $ 1,4 $ 2. Özbegistan 1 litr A-92 A-95 0,88 $ 0,92 $ 3. Gazagystan Гыргызыстан РФ-сы 1 litr A-92 A-95 0,75 $ 0,95 $ 4. Belorusiýa 1 litr A-92 A-95 0,88 $ 0,92 $ Şu ýerde Türkmenistan döwletimizde mugt berilen benzinden daşary artykmaç ýakylan benziniň 1 litriniň nyrhynyň A-92 markasy üçin – 58 teňňe, A-95 markasy üçin – 62 teňňedigini, ýagny, 0,22 АБШ-ныň dollardygyny ýatlap geçmeklik hökmandyr. Бу гöркезjилер болса ягны юрдумызда 1 литр бензиниñ бахасыныñ 0,22 АБШ-ныň доллар бахадан сатылмаклыгы себитдäки юртларда сатылян бензиниñ бахасындан 4-5 эссе арзандыгына гöз йетирмек боляр. Мундан башга-да, юрдумызда бейлеки юртлара гараныñда яшайыш üчиñ илкинjи зерур шертлер болан электрик тогуныñ, тебигы газыñ, агыз сувуныñ кесгитли мöчбериниñ мугут берилмеги, кесгитленен мöчберден артык сарп эдилмеги üчин болса уjыпсыз тöлеглериñ тöленилмеги, йерине йетирилйäн коммунал хызматлары üчин хем тöлеглериñ аз мукдарда болмагы дöвлетимизиñ öз халкыныñ яшайыш дурмуш шертини говландырмаклык üчин бирнäче ишлери дурмуша гечирйäндигини беллемек болар. Эдил шонуñ ялы-да, халкыñ гüнделик сарп эдйäн азык харытлары хем раятларыñ гирдейjилерине баглылыкда элйетерли бахалардан сатыляр. Кöпчüликлейин хабар бериш серишделеринде берилйäн маглуматлар юрдумызыñ раятларыныñ алян зäхмет хакларыныñ мысал гетирилен юртларыñкыдан ёкары болмаса пес дäлдигине, халкымызыñ яшайыш дереjесиниñ ёкарыдыгына шаятлык эдйäр. Ýokarda aýdylanlary nazara alyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetini yzygiderli ösdürmek, nebit önümleriniň rejeli peýdalanylmagyny gazanmak we Türkmenistanyň içerki bazarynda ýerlenmegini tertipleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýaňy-ýakynda Kakara gol çekdi. Resminama laýyklykda, hususy awtoulag serişdeleriniň we motosiklleriň eýesi bolan Türkmenistanyň raýatlaryna ähli görnüşdäki awtomobil benzininiň we dizel ýangyjynyň muzdsuz berilmegini 2014-nji ýylyň 1-nji iýulyndan bes etmek, şeýle hem “Hususy ýeňil awtoulag serişdeleriniň we motosikliň eýelerine muzdsuz awtomobil benzinini we dizel ýangyjyny bermegi tertipleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň феврал айыnda çykaran 12168-nji Kararyny 2014-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýjüni ýitiren hasap etmek bellenildi.

Köneler, Akademik tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir