Göz ählimiziň bilşimiz ýaly , iň gymmatly hem-de näzik organlarymyzyň biri. Ýeterlik derejede ideg edilmese, görmekden galmak howpy uludyr.Görüş organynyň kadaly görmegi şeýle-de gözüň uly napraženiýede bolup, agyrylaryň peýda bolmazlygy üçin göz gigiýenasyny berjaý etmegimiz zerur. Göze zeper ýeirýän esasy sebäpleriň biri-de göze ýasama ýagtylyklaryň düşmegi, iş otaglarynda ýagtylygyň pes derejede düşmegidir. Görüş organy üçin 40-60 wt-dan ýokary bolmadyk çyralar ulnamaly.Şeýle-de kitap okalanda gaty golaý seretmek bolmaýar. Has hem çagalar üçin zerur.Kitaby stoluň üstünde egrelip oturyp okamak oňurganyň gyşyk ösmegine, şeýle-de gözüň daşdan görmek ukybyny peseldýär.Kitaby gözden 35-40 sm daşlykda dikligine dzl-de gyýtaklaýyn 450 burç bilen goýup okamaly.Oklanda ýatyp okamak bolmaňar. Şeýle-de 30-40 minut oklandan soňra göze dynç bermeli. Transportda okmak göz üçin zyýanly. Tehnologiýanyň ösmegi bilen telewizora ýa-da kompýutere isleg artyp ugrady.Bular bolsa gözüň iň ganym duşmanlarynyň biridir. Telewizora 24 sagadyň dowamynda ýaş aýratynlyklaryna garamazdan, ýaşaýyş durmuş derejesine, saglyk ýagdaýyna garamazdan, seredilende diňe bir göze ýa-da nerw ulgamyna zeper ýetirmän, eýsem gyzyldan gymmatly wagtymyzyň bisapa geçip, biziň özbaşdak okamagymyza, sport bilen meşgullanmagymyza hem zyýany biçak uly.Has hem çagalara telewizor görmegi çäklendirmeli. Käwagt çagalary güýmemek maksady bilen olara telewizory açyp berip gidýärler. Beýle etmeklik çaganyň aňynyň zaýalanmagyna getirip bielr. Lukmanlaryň maslahatlaryna görä günüň dowamynda ýaş aýratynlyklaryna garp: mekdenbe çenli ýaşly çagalar(3-6 ýaş)- 40 minut, 7-10 ýaşly-1 sagat, 11-14 ýaşly-1,5 sagat, 15-16 ýaşly- 2sagat, uly ýaşly adamlar- 3-3,5 sagat. Telewizora seredilende hökman aşkdakylary berjaý etmeli.: 1.Telewizora arkaýyn oturgyçda ýa-da diwanda oturyp seretmeli. 2.Telewizora 2,5 m-de ýakyn seretmek gadagan. 3.Gözüň artykmaç napraženiýä eýe bolmazlygy üçin garaňky jaýda telewizor görmek bolmaýar.
Gözüň gigiýenasy
-
mirasymyz
10 years ago
- Hakykatdanam biläýmeli zatlary ýazypsyňyz. Gündelik ulanylyp ýören zatlammyz telewizor, kompýuter, telefon gözümizede zyýanly eken.
Garaňkyda telewizor görmeli däl diýip çagalykdada eşidýädik.
-
Tagsyr
10 years ago
- TDU çylar köp eken Tüweleme.
stevejobs 10 years ago- Goz hakynda gaty gowy zatlary yazypsynyz. Gozun suratam gaty owadan eken