Saglyk iň gymmatly baýlyklaryň biridir.Ony goramak , oýlanyşykly saklamak her bir ynsanyň borjudyr. Adamlar hökmany suratda öz bedenleri üçin nämäniň peýdalydygy ýa-da zyýanlydygy baradaky düşünjelerden az kem habarly bolmalydyrlar. Köp adamlar öz saglygyny goramaklygy medisinanyň üstüne atýarlar. Eger her bir adam saglygyny goramaklygy, keselleriň öňüni almaklygy öwrenmese, medisinanyň gazanan üstünlikleri saglygy berip bilmez, diýmek, nesil saglygyna täsir edýän esasy faktorlaryň biri-saglyk düşünjesidir. Şonuň üçin biz gündelik durmuşymyzda hökman berjaý edilmeli we edilmeli däl zatlar dogrusynda durup geçmekçi. Wagtynda we kadaly iýip-içmek saglygyň seresidir. Şonuň üçinem iýmitlenmegiň kadasyny her kimiň hökman bilmegi zerur, çünli köp keseller bu kadany berjaý etmezlikden gelip çykýar. Haharlanmagyň ilkinji şerti aşa düşmezlik, iýmiti gereginden artyk iýmezlik.Aşa dokluk süňňi agraldýar, organizmi syrkaw halyna salýar, köp hereket etmeýän adamlarda dürli keseller döreýär.Ýöne welin öz wagtynda nahrlanmak hökmandyr, çünki ajygyp başlanyňda garyn mäzleri şire bölüp çykarýar. Ol wagtynda iýlen nahar bilen gatylmasa , garynda gastrit, ýara we beýleki garyn-içege keselleri döreýär.Iýmit adamyň fiziologik funksiýalarynyňişlemegi üçin energetik çeşmedir.Iýmitiň üsti bilen beden beloklary, ýaglary we uglewodlary kabul edýär.Ýagly, gurak iýmit zyýanlydyr. Iýmitiň belli bir wagtda kabul edilmegi iýmitleniş ulgamynyň kadaly işlemegini üpjün edýär. Iýmitiň kabul edilen mukdary iýmitleniş ulgamynyň işine täsir edip bilýär. Çünki "Adam iýmek üçin ýaşamaly däl, ýaşamak üçin iýmeli". Bedeniň doýandygyny ýa-da gereginden artyk iýendigini aşakdaky usul bilen barlap bilersiňiz: 1. Nahar iýlenden soň başga hiç zat iýesiňiz gelmese, juda agdyk iýildigidir. 2. Nahardan soň ýene az - kem iýmäge meýil galan bolsa , gereginden az-kem geçip iýildigir. 3.Nahardan soň az-kem açlyk duýgusy galan bolsa onda ýeterlik iýildigidir. Gyzyp gelen dessiňize nahar iýmekden saklanyň, çünki ol il arasynda "yssygyzgyn" diýlip atlandyrylýan erbet keseli emele getirýär. Bu ýagdaýda biraz dynç alyň , birki käse çaýdan soň nahara başlaň. Nahary gyzgyn iýmek, çaýy gyzgyn içmek agyz boşlugy we garyn üçin zyýanlydyr.Iýmiti gyssanman, gowy çeýnäp iýmeli.

Köneler, TDUayka tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir