Görüp ýolda ýatan bir bogdak oty, Düýe, Goýun, Öküz begenen gaty. Biraz oýa batyp, seslenen goýun: "Bölüşsek, hijimiz bilmeris doýup. Haýsymyz dünýede köp ýaşan bolsak, Ot şonuňky bolsun ýaýnasyn ol dok. Eger şeýle etsek bolar göwnejaý. Ulyny sylany sylaýar Hudaý". Öküz ýogyn molap diýipdir şo hal: "Goýnuň maslahaty unamazça däl. Bu işde hiç kimiň galmasyn göwni, Her kim aýtsyn näçe ýaşyndadygny".
Möwlanadan "Düýäniň, Goýunyň hem öküziň jedeli"
-
mirasymyz
10 years ago
- Diýip, Goýun tamamlanda gepini,
Öküz dillenipdir: "Diňläň siz meni.
Diýýän sözlerimde hiç ýokdur ýalan,
Adam ata ýer sürüpdi meň bilen! "
Düýe haýran galyp olaň geplerne
"Näme çypdyrýaňyz?" diýmegiň ýerne,
-
mirasymyz
10 years ago
- "Edýänim şu!" diýýän ýaly hamana,
Ýaňky oty hellewledip asmana,
Diýipdir: "Etmäliň biderek jedel,
Ota haýsyňyzyň agzyňyz ýeter?
Nä, aldajak bolup, çekýäňiz azap,
Sizden ýaş däldigim, görnüp duran zat"
-
Koneurgenchli
10 years ago
- hakykatdanda haysysy ir peyda bolankan bulan
-
Isabella91
10 years ago
- Ilki towukmy ýa ýumurtga diýen ýaly bolupdyr
-
tminjiner
10 years ago
- towuk yumurtga meselesi cozuldi dalmi name ?))
-
Melewshe
10 years ago
- Hemmesam deñ yaradylan bolmaly
mirasymyz 10 years ago- "Hasaplaýyn ýaşan ýyllarmyň sanyn,
Gezdim sürüsinde Halilullanyň.
Ondan bärkileri aýdyp durmaýyn,
Başga pygamberiň ady Ybraýym.
Ilki soýup, gurban beren goýny-da,
Meň söwer dostumdy, alýan boýnuma."