ÖMÜRZAÝA ÝYLDYZYM goşgular kitaby Men ýola düşýärin, gidemok ýalňyz, Meniň bilen asyr barýar ädimläp. Küküreginde syrlar gizlän topragym, Gyzykly gür berýär pikirlerin jemläp. Meýmiredip bu gyzykly gürrüňler, Ýaş juwan kalbymy gurşap alsa-da, Ýok, hiç wagt dönmen uzak ýollardan, Saçlam agarýança hemra bolsa-da. Men ölsem-de, ölmez ýaşar asyrlar, Men ölsem-de, ölmez ýaşar nesiller. Meni ýagşylykda ýatlasa biri, Ömrümden razy, Diri men, diri!
Koneurgenchli 10 years ago- shu shahyrynam durmush yoly kyn bolupdyr ,onrak bir yerda okapdym gaty gynandym