Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda ýaşamak, okap bilim almak her bir adam üçin bagtdyr. Günsaýyn pajarlap ösýän ýurduň batly gadamlaryna öz goşandyňy goşmak bolsa, her bir raýatyň borjudyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzyň uludan-kiçä ähli raýaty ata Watanymyzy gülledip ösdürmekde irginsiz zähmet çekýärler. Ata Watanymyzyň abraý mertebesini belende galdyrmakda ösüp gelýän ýaş nesliň hyzmaty uludyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda ýaş hünärmenleriň taýýarlanylyşyna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyza ygrarly, berk bedenli, sagdyn ruhly, döwrebap düşünjeli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň ylym ojaklary häzirki zamanyň iň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylýar. Şeýle-de, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyp ýaşlaryň ýokary derejeli ylym almaklary bilen bir hatarda beden saglyklaryny berkitmekleri üçin hem zerur şertler göz öňüne tutulýar. Şeýle şertler biziň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetimizde hem döredilýär. Ussat professor-mugallymlaryň halypalygynda uniwersitetimiziň talyplary öwrenýän hünärlerini ussatlyk bilen ele alýarlar. Häzirki wagtda uniwersitetimizde halkara derejesinde ylmy-amaly maslahatlary zygiderli geçirilýär. Dünýäniň ençeme öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Dünýä tejribesini öwrenmek, daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşmak maksady bilen uniwersitetimiziň professor-mugallymlary yzygiderli daşary ýurtlara iş saparlaryna ugradylýar. Ol hem öz gezeginde talyplarymyza berilýän bilimiň hiliniň has hem ýokary bolmagyna täsir edýär. Halkara derejeli bilermenleriň uniwersitetimize gelip sapak bermekleri bolsa talyplaryň bilim almaga bolan gyzyklanmasyny has hem artyrýar. Yzygiderli geçirilýän ders bäsleşikleri, zehin bäsleşikleri hem talyplaryň ukyp başarnyklaryny synap görmekleri üçin oňat mümkinçilik bolup durýar. Beýleki ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, biziň uniwersitetimiziň talyp ýaşlary hem boş wagtlaryny peýdaly sarp edýärler. Munuň üçin hem uniwersitetimizde ähli şertler göz öňüne tutulan. Uniwersitetimizde hereket edýän dürli gurnaklar talyplara dürli ugurlar boýunça gyzyklanmalaryny ösdürmäge kömek edýär. Uniwersitetimizde medeni köpçülikleýin çäreler sport sagaldyş hereketleri bilen utgaşdyrylyp alnyp barylýar. Bu hem öz gezeginde talyp ýaşlary beýik watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm rol oýnaýar. Türkmenistan watanymyzyň halkara derejesindäki at-abraýy hem barha belende galýar. Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligine dürli ugurlar boýunça aralaşýar. Şol sanda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda hem halkara derejesinde yzygiderli üstünlikler gazanylýar. Şol üstünlikleriň hem aglaba köpüsi diýarymyzyň ýaş nesliniň paýyna düşýär. Türkmen ýaşlary bu günki gün ençeme abraýly halkara bäsleşikleriniň ýeňijileri bolmak bilen Watanymyzyň tuguny belentde parladýarlar. Umuman aýdanyňda hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim syýasaty ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň esasy hereketlendiriji güýji bolan ýaşlar hem hormatly Prezidentimiziň tutýan her bir başlangyjyny goldamakda we durmuşa geçirmekde mundane beýläk hem ýokary işjeňlik görkezerler.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir