Salam Talyplar! Täzeräk geldim, bu ýeriň kada kanunyny kän bilemok. Ýalňyşym bolsa düzedersiňizda. Bir soragym bar; araňyzda düşündiriş berip biljegiňiz bar bolsa, kömek etseňiz begenerdim. Sorag: Daşoguz welaýatynyň raýaty daşary ýurtdan önüm getireninde, we Aşgabatda gümrük işlerini etdirse, inwoýsda, Aşgabat diýip ýazdyrmalymyka, ýa öz ýaşaýan adresini bermelimika? SMRda Soňky barjak nokady Aşgabat Gümrügi diýip görkezilse dogry bolarmy? Sagboluň.
Gümrük Hakynda Sorag
-
wonama
10 years ago
- @pazzek sagbol :)
Ýene bir sorag ýüze çykdy:
Statistikadan bir güwanama alynmalymyşyn.
Güwanamanyň adyndan habarym ýokdur, çynym :)
-
Koneurgenchli
10 years ago
- hosh geldin amanow, sorayam maglumatlaryna jogap berip bilemok , sebabi bilemok)
-
YlhamM
10 years ago
- Menem ýaňy agza boldym welin,sapsym düşnemok nädip öňki temalary okamalyka
-
esmir
10 years ago
- menem taze geldim duzgunleri bilen nadip tanshyp borkana
-
Azik
10 years ago
- Inwoýsda alyjynyň salgysynda daşoguzdaky salgysy ýazylmaly. Yöne harydyň barmaly ýeri Türkmenistanyň islendik gümrük posty bolup biler. Meselem sen daşoguzly bolup aşgabat gümrüge ýük getirip harydyňy aşgabat gümrük postyndan çekip alyp bilersiň. Hökman daşoguz gümrükden almaly diýilen zat ýok.
-
Azik
10 years ago
- Egerde sen daşary söwda bilen meşgurlanmak isleýän bolsaň statistikadan Güwänama almaly elbetde. Şonyň bolmasa harytlaryňy deklarasiýa edip bilmäýäň. Meselem sen daşoguzly bolsaň daşoguz welaýatynyň statistika müdirliginden Güwänamaňy almaly bolýaň.
Pazzek 10 years ago- Täze gelen bolsaň hoş gelipsiňiz
Seň diýýän ýagdaýlaryňdan hiç habarym ýokdur...