Telewizor (telewizor priýomnigi) (lat. Televsorium – daşdan görüji, grek dil. τῆλε - daş we lat. Video - görmek) – simsiz kanallardan ýa- da kabelden berilýän (şol sanda wideosignal döredýän enjamla ryň signallary ýa-da telewizion programmalary – mysal üçin, wi deomagnitafonlar we beýlekiler) şekilleri we suratlary kabul edýän we şöhlelendirýän elektron en jam. Şekilleri aralyklara ibermegiň tag lymy gadym zamanlarda hem bo lup, miflerde we rowaýatlarda duş gelýär. (mifologiýa görä, gö ýä Jemşidiň bir ajaýyp jamy bolup dyr, şol jamyň içinde göýä dünýä niň hemme ýeri görnüp duran myş). Emma şunuň ýaly enjamy döretmek üçin tehniki we nazary esaslar diňe XIX asyryň ahyrlaryn da, radio oýlanyp tapylandan soň ra ýüze çykypdyr. 1884-nji ýylda nemes oýlap tapy jysy Paul Nipkow mehaniki telewi deniýäniň esasyndaky ýeňilräk en jamy - Nipkowyň diskini oýlap ta pypdyr. 1906-njy ýylyň 10-njy oktýabryn da alymlar Maks Dikman, Karl Fer dinanda we G. Glage, şekilleri iber mek üçin Braunyň trubkasyny ulanmaga ygtyýarnama alypdyr lar. Braun bu taglymy ylmy däl ha saplap, bu ugurda barlag geçiril megine garşy bolupdyr. 1907-nji ýylda Dikman ölçegi 3х3 sm, ýigrimi setir ekranly we ýygy lygy towlap ulaldylýan 10 kadr/s telepriýomnigi görkezipdir. 1907-nji ýylyň 25-nji iýulynda Pe terburgyň tehnologiýa instituty nyň professory Boris Lwowiç Ro zing “Şekilleri aralyklara elektrik usuly bilen geçirmek” üçin ygtyýarnama alypdyr. Ol elektrik signallary görünýän şekilleriň no katlaryna öwürmek üçin katod şöhlelerini ýaýradýan trubkany ulanmagyň mümkinçiliklerini su but edipdir. Trubkada şöhläniň ýaýylyşy magnit meýdanlary bilen döredilipdir, signalyň modulýasi ýasy, (aýdyňlygynyň üýtgemesi) – diafragma arkaly ekrana geçýän elektronlaryň sanyny özgerdip, şöhleleri dikligine serpikdirýän kondensatoryň kömegi bilen ber jaý edilipdir. 1911-nji ýylyň maý aýynda Rus tehniki jemgyýetiniň maslahatyn da Rozing ýönekeý geometrik şe killeriň telewizion şekillerine geçi şini we olaryň elektron şöhle trubkaly ekranda alnyp görkezilişi niniň usullaryny görkezipdir. Geçi rilen şekiller gymyldysyz, ýagny hereketsiz bolupdyr. 1908-nji ýylda ermeni oýlap tapy jysy Owanes Adamýan signallary geçirmek maksady bilen oýlap tapan enjamy üçin ygtyýarnama alypdyr. Ol “Geýsleriň trubkasy nyň ýagtylyk yrgyldysynda ossilog raf aýnasynda şöhlenenen ýagty lyk toplumjygynyň çäkli yrgyldyla ryny üýtgetmek üçin ulanyşa taý ýarlanmagy” barada bolup, ygtyýarnama almak üçin arza 1907-nji ýylda berlipdir. Soňra ol şonuň ýaly ygtyýarnamalary Beýik Britaniýada, Fransiýada we Russi ýada alypdyr.(“Aralykdan elektrik arkaly geçirilen şekiller üçin pri ýomnik” 1910). 1918-nji ýylda Adamýan Russiýada ilkinji bolup, telewideniýäniň ösüşinde uly ädim bolan gymyldamaýan gara- ak şekilleri görkezmäge ukyply en jamy ýygnapdyr. Ol 1925-nji ýylda telewideniýäniň üç reňkli elektromehaniki ulgamy na, ýagny aralyga üç tapgyr yşly diskiň ýardamy bilen şekilleri ug ratmaga niýetlenen enjam üçin ygtyýarnama alypdyr. Disk aýla nan mahaly üç reňk ýeke-täk şeki le goşulypdyr. Şol ýyl bu tejribe Ýe rewanda geçirilipdir. Şeýle hem Taşkendiň alymlary B.P. Grabows kiy we I.F.Belýanskiý dagynyň 1928-nji ýylda elektron telewide niýe ulgamyny döretmek barada birgiden işleri bar. Olaryň tejribe lerinde geçirilen telewizor priýom nigi “telefota” atlandyrylypdyr. 1925-nji ýylda şotland oýlap tapy jysy Jon Loji Berd ilkinji gezek Nip kowyň diskini ulanyp, hereket ed ýän şekilli telewizion geçirilişi gör kezipdir. 1920-nji ýylyň ahyrynda onuň esaslandyran “Baird Corpo ration” şereketi dünýäde ýeke- täk telewizor öndüriji bolupdyr. B. Rozingiň şägirdi W.K. Zworykin elektron telewideniýesiniň tehni kasynda hakyky öňe gidişlik gaza nypdyr. Ol rewolýusiýadan soňra Amerika göçýär we bu ugurda iş leýär. Ol 1923-nji ýylda bütinleý elektron esaslardan ugur alýan te lewideniýäniň üstünde işläp baş lapdyr. Ol 1931-nji ýylda dünýäde ilkinji gezek “Ikonoskop” atlandy rylýan mozaiko fotokatodly geçiri ji elektron turbany döredip, elekt ron telewideniýäniň ösüşiniň esa syny goýupdyr. Ikonoskop – ilkinji elektron geçiri ji telewizion trubkasy, telewizion priýomnikleriň köpçülikleýin önümçiligine başlamaga mümkin çilik berdi. Soňra Zworykin bütin leý elektron telewizion ulgamyny döretmek bilen meşgul bolupdyr. Doly üstünlik gazanmak üçin iko noskopy we kineskopy (kabul edi ji trubka) kämilleşdirmek, elektrik signallaryny üýtgetmek we geçir mek, talap edilýän fotoduýujylyk gurluşy almak bilen bagly tehniki meseleleriň çözgütleri boýunça uly işleriň geçirilmegini talap edip dir. Metbugatda täze enjamyň ady peýda bolupdyr – radioglýadi tel. Şekilleri optiki – mehaniki ulgam da ýaýlyma bermek bilen yzygider li telegepleşik bermek ABŞ-da 1927-nji ýylda, Germaniýada 1929-njy ýylda başlapdyr. Elekt ron esaslarda ilkinji yzygiderli gepleşik UKW – diapazonynda 1935-nji ýylda Germaniýada, 1936-njy ýylda Angliýada, Italiýa da we Fransiýada başlapdyr. Gep leşikleri bildiriş edip, ýaýlyma çyk mak 1936-njy ýylda Beýik Britani ýada başlapdyr. Eger-de 1947-nji ýylda ABŞ-da 180 müň töweregi telewizor bo lan bolsa, 1953-nji ýyla çenli onuň sany 28 milliona çenli artdy. (ýagny her ikinji maşgalada tele wizor bardy). Bazar 6 ýylyň içinde gara-ak telewizorlardan dolupdy we amerikanyň radiosenagaty halk köpçüligi üçin niýetlenen tä ze haryt döretmek maksady bilen reňkli telewizorlaryň üstünde çyn lakaý işläp başlady. NTSC ulgamy işläp bejerilenden we döredilenden soňra, 1953-nji ýylda ABŞ-da yzygiderli reňkli tele wizion gepleşikler berlip ugrady. Şonda hem reňkli telewizorlar peýda boldy. Şol döwürde onuň ortaça müň dollar töweregi baha sy bardy, (awtoulagyň bahasynyň ýary), oňa hyzmat etmek bolsa, bir ýylda çen bilen ýene-de şonça baha baryp ýetýärdi. Mysal üçin, hepdede diýen ýaly hünärmenle riň gelip, sazlap gitmegini talap edýärdi . Şonuň üçin, ABŞ-da reňkli telewi zorlar diňe 12–15 ýyldan soň, giň halk köpçüligi üçin öndürilip baş lanypdyr. (diňe 1966-njy ýyla çen li ilkinji 10 million reňkli telewizor satyldy). Şonuň ýaly hem ýapon ra diosenagaty ABŞ-yň bazary üçin arzan reňkli telewizorlaryň önüm çiligini tiz ýola goýdy. Öňki SSSR-de yzygiderli telegeple şikler 1939-njy ýylyň 10-njy mar tynda başlapdyr. Bu ýurtda telewi zor önümçiligi 1932-nji ýylda ýola goýlan hem bolsa, ilkinji sowet te lewizory 1940-njy ýylda öndüri lip, “KWN–49” atlandyrylypdyr. Eý ýäm 1957-nji ýylda öňki Soýuzda telewizorlaryň sany bir million dan geçýärdi. Reňkli telewizorlar 1958-nji ýylda öndürilmäge girişil se-de açyk satuwda bolmandyr. Netijede, 1958-nji ýylda ozalky SSSR bilen Fransiýanyň arasynda reňkli telewideniýe babatda hyz matdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekilýär we giň halk köpçüligi üçin niýetlenen ilkinji reňkli geple şik 1967-nji ýylyň 7-nji noýabryn da ýaýlyma berlip başlanýar. Ilkin ji reňkli telewizorlar hem Fransiýa dan satyn alnypdyr. “Rubin – 401” SSSR-de ilkinji reňk li telewizordyr. (1967). Onuň has köpçülikleýin öndürilen görnüşi “Rubin – 714” 1976-njy ýylda çy karylypdyr. 70 – 80-nji ýyllardan soň gara-ak reňkli telewizorlaryň ornuny ýuwaş-ýuwaşdan reňkli telewizorlar eýeläp başlaýar. 1980-nji ýylyň ahyrynda öňki SSSR-iň ilatynda eýýäm 50 million dan gowrak reňkli telewizor bar dy. Çen bilen 1990-njy ýyllara çen li telewizorlar başdan-aýak kinos kopyň esasynda (elektron şöhle trubkasy) ulanyldy. Ýöne şu dö würde kinoskoplar hem bütinleý kämilleşip, tekiz ekranly telewizor lar öndürilip başlanypdy. XXI asyryň başynda bolsa, eýýäm suwuk kristallik we plazma ekran ly telewizorlar köpçülikleýin öndü rilip ugrady. Häzirki zaman telewi zorlarynyň ölçegi birnäçe esse uly bolup, örän takyk görkezýär. 2008-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda ilkinji lazer telewizory satuwa çyk dy. 2010-njy ýyldan soň, telewizi on priýomnikleriň mundan buýan ky ösüşinde ýokary takyklykdaky 3D telewizorlar has ileri tutulyp başlandy.
Telewizoryn taryhy
-
URGENCLI
11 years ago
- diymek renkli telewizor 1953.de ulanylyp bashlanypdyr, bizing oyumizde bolsa renkli telewizory ilkinji gezek 2005.nji yylda gorup bashladyk, yagny 52 yyl songra :-)
gadymypaytagt 11 years ago- gyzykly tema.bizden onki siwilizasiyada telewizory "aynayjahan"diyip atlandyryan ekenler.