Düyn kenaryakada gördüm, birden gözüm düşdi. Sonra birden tanadym. Ayaklarym titredi we yykylmajak bolup agaja yapyşdym. Yyrtylan bir hat yaly köne yatlamalaryn içinden seredip durdy. Köne bir söygünin tupanly denizi yaly. Yadyma düşyar bir güyz güni bizin yanymyza göçüp gelipdiler. Ol hergün balkona çykyardy, menem ony görüp balkonda güymenen bolyadym. Yöne birbirimize seretyardik. On gözleri mende, menki bolsa onun gözlerinde. O wagtlar yerinde durup bilmeyan yetginjekdim. Orta mekdebe gityardim we ol her gezek saçyny yayradyp yörande mende birzatlar bolyardy. Haçan penjireden seretsem onun hem balkondan mana garaşyp oturandygyny göryardim. Haçanda gel duşuşaly diysem yok diyyardi, herna ol hat yazyşmakdan razy yaly. Birgün kinoteatra gitdik, kino gutaranson hemmeler dargaşdy. Öye gaydyp gelyarkak bir burja gysdyryp öptüm. Öylerine baranson birnaçe sagat aglady, name üçin aglanyny bilemok. Sonra duşuşmaga başladyk. Hergün gezmage gityardik we marekan ortasynda ogşaşmakdan utanamyzokdyk. İl güne gep gerek, köp gybatymyzy etdiler. İn sonunda maşgalasy çydap bilman göçüp gitmeli boldy. Göçüp gidenlerinden sonra hiç habar tutmadym. O wagtlar kan wagtymam yokdy bular yaly zatlar bilen meşgullanmaga. Politika gyzyklydy men üçin we watany biz halas etjek yaly gündiz agşam politika bilen yatyp politika bilen turyardyk. Barybir öz öyümizede gelmandim birnaçe yil. Dünyam üytgapdi, döwlet baştutanlaryny hiç halamokdym. Olara garşy yygnaklar geçiryardik, aydym düzyardik we goşgy okayardyk. Bir kowalaşyk boldy milisiya bilen. Milisiya yarag ulanyardy we bir ok gelip ayagyma degdi. Operasiyadan sonra tykdylar türma. Türmedakam bir ejem gelyardi yzymdan. Hiçkim galmady dostlarymdan. Hemmeler meni unutdy. Menem çykamdan sonra politika kan yüz bermedim, öz durmuşumy yaşamaga başladym. Çykamdan sonra ejeme soradym şo gyzy, bir mayor bilen öylenip başga şahere gitdi diydi. Sonra durmuş dowam etdi. Unudyp bilemokdym ony, unutjak bolup içyardim ertir agşam. Solup baryan gül yaly gün-günden tükenyardim. Ejem bilen dertleşyardik, olam garrapdy bireyyam. Ölmankam öylen diydi. Yetim bir gyz bar eken gözleri kör, ejem sorapdyr olam bolyar diyipdir. Şeylelik bilen öylendik. Köne yatlamalar barada name bar bolsa hemmesini yakdym. Suratlary hatlary, hemmesini. Naçe unutjak bolsam-da, bolmady. Unudyp bilmedim. Balkona seretsem onun saçlaryny göryardim we penjira seretsem onun gözlerini. Men sebap bolupdym bu söygün yykylmagyna we puşmandym. Men öldürüpdim bu söygüni, bu ganhor ellerim bilen. Düyn kenaryakada garşylaşdyk. Şeyle bir seretdi welin ömrümin ahli günalerni gözlerinde gördüm. Birzatlar diyjek bolyardy mana, yöne hiçzat diymedi. Yüzüni aşak saldy-da gitdi çagalarnyn yanyna, sebabini bilmedim welin giresi gelmedi yoldaşynyn goluna. Yzyndan ylgap sorap bilmedim. Yerimde donup galdym. Sebabi şo ayagyma ok degeninden bari men eli pişekli agsakdym. Indi adamlar mana soranlarynda durmuş nahili gityar diyip, 'bir agsak birem kör bolup togalanyp baryas' diyyan.

Köneler, wepa225 tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir