Alymlaryň pikirine görä, Älem dörände, energiýadan elementar
bölejikler bilen birlikde antibölejikler-de peýda bolupdyr. Her
bir bölejigiň özüne görä antibölejigi bar.
2012-nji ýylyň 4-nji iýulynda ylymda üstüniň açylandygy
bildirilen higgs bölejigi fizikanyň standart modeliniň
çäklerinde düşündirilýän we biziň fiziki dünýägaraýşymyzyň
esaslandyrylmagy üçin zerur bolan iň soňky nätanyş bölejik
hasaplanylýar.
Älemdäki beýleki bölejikleriň nädip massaly bolýandygy barada
indi ýarym asyra golaý wagt bäri jogap tapylman gelinýän köp
sowallary şu elementar bölejik bilen düşündirip bolýar. Gürrüň
bu ýerde biziň agramymyz barada baranok. Agyrlygy döredýän
ilkinji nobatda atomlaryň özara dartyş güýji. Mundan
tapawutlylykda, higgs bölejigi Älemiň absolýut zerur elementi.
Bu elementar bölejigiň barlygynyň subut edilmeginiň
häzirkizaman fizikanyň gazananlarynyň iň möhümleriniň biridigi,
onuň globallaşan, ägirt uly serişdeler bilen üpjün edilen giň
gerimli ylmy barlaglaryň gazanan ýeňşidigi şübhesiz. Ýöne ýeňiş
nähili uly bolsa-da, gözlegler we öwrenmeler heniz soňlanar
ýaly däl.
“Täze dünýäniň” kynçylyklary
Higgs bölejiginiň tapylmagy bilen diňe ozalky teoriýa ýene bir
gezek tassyklandy. Emma indi ylymda täze, nätanyş bir dünýä
gadam basylýar. Bu gadam basylýan dünýäde bolsa, häzirki bize
belli bolan deňlemelerdir formulalar alymlara çelgi bolup ýa-da
ýol görkezip bilenok. Bu dünýä aralaşjak bolsak, ilki bilen
tebigatyň bize nätanyş kanunlarynyň üsti açylmaly.
Täze dünýä ýol açaýmagy mümkin esasy çözgütler “Älem näme
üçin antimateriýadan däl-de, materiýadan durýar”, “Älem
döränden soň, antimateriýanyň ykbaly nähili bolupdyr” diýen
ýaly soraglaryň çözgütlerinde ýatyr. Alymlar indi şu köne
soraglara jogap tapmaly.
Häzirki ylmyň tassyklamagyna
görä, 13.7 milliard ýyl mundan ozal
Uly Partlamada Älem dörände,
energiýadan elementar bölejikler
bilen birlikde antibölejikler-de
peýda bolupdyr. Her bir bölejigiň
özüne görä antibölejigi bar.
Bularyň massalary deň, diňe
elektrik ýükleri (zarýadlary)
gapma-garşylykly.
Ylymdaky şu pikirden ugur alynsa,
onda Uly Partlamada materiýa
bilen deň mukdarda onuň ekiztaýy
ýa-da aýnada görünýän şekili
hökmünde barlygyň beýleki formasy – antimateriýa-da emele
gelen bolmaly. Bularyň häsiýetlerinde hiç bir tapawut bolmaly
däl.
Antimateriýanyň bardygyny postulat hökmünde kabul eden
ilkinji teoriýalarda, şeýle hem kwant elektrodinamikasy, kwant
hromodinamikasy ýaly häzirkizaman teoriýalarda materiýa we
antimateriýa bölejikleriniň şol bir fiziki kanunlara boýun
egmelidigi aýdylýar.
Antisuw edil suw ýaly şaglap akmaly, antiösümlik edil ösümlik
ýaly gögerip, miwe bermeli, antidünýä bilen biziň dünýämiziň
arasynda hem görnüp duran tapawut bolmaly däl. Ýöne bir
ýagdaý bilen bular biri-birine galtaşyga geläýse welin, ýyldyrym
çakan ýaly ýagdaý döräp, ikisi-de energiýa öwrülip, gürüm-
jürüm bolmaly. Şu nukdaýnazardan, bular dörände, tebigat
olaryň ikisine-de birek-biregi ýok etmäge başarnyk bermek
bilen, öňünden olaryň ölümini taýynlapdyr.
Teoretikleriň deňlemelerinde materiýa bilen antimateriýanyň
ikisi-de deňhukukly rol oýnaýarlar. Emma gözegçilik edip
bolýan fiziki kosmosda antimateriýadan kän bir alamat ýok.
Älem özüniň häzirki formasynda tutuşlygyna diňe materiýadan
durýana meňzeýär.
Öňde duran sowallar
Antimateriýanyň anyklap bolmaz ýaly ýagdaýda gürüm-jürüm
bolmagy nähili kanunyň esasynda mümkin bolýarka? Materiýa
bilen antimateriýanyň aýnada görünýän iki şekil ýaly deň
hereket etmän, olaryň käbir häsiýetleriniň biri-birinden
üýtgeşik bolmagy-da mümkinmikä? Älemde materiýa
antimateriýadan has agdyklyk hem edýärmikä?
Fizika ylmynyň dürli ugurlarynda iş alyp barýan alymlar onlarça
ýyl bäri şu syrlaryň üstüni açmaga synanyşýarlar. Aýratyn-da
elementar bölejikleri öwrenýän fizikler dürli synaglary
geçirýärler.
Bu ugurda alnyp barlan işler Älemiň kanunalaýyklyklary barada
käbir täze zatlara göz ýetirilmegine mümkinçilik beren bolsa-
da, esasy maksada entek ýetilenok. Fizikler antimateriýanyň
anyklap bolmaz ýaly ýagdaýda gürüm-jürüm bolmagyna sebäp
bolan mehanizmiň üstünden entek baranoklar.
Geçirilýän tejribelerde ilkinji nobatda üns merkezinde durýan
zat – antiwodorod. Ol materiýa bilen antimateriýanyň
arasyndaky käbir tapawutlara göz ýetirmek üçin iň amatly synag
obýekti hasaplanylýar. Ýewropanyň ylmy-barlag merkezi SERN-
iň ALPHA topary antiwodorodyň atomlaryny jikme-jik öwrenip
bolsa, onuň bu aratapawudy barlamak üçin güýçli gural bolmagy
mümkin diýen pikirden ugur alýar.
Antiwodorod antimateriýanyň iň ýeňil, iň ýöntem elementi. Ol
negatiw ýükli (zarýadly) antiproton bilen pozitiw zarýadly
pozitrondan, ýagny elektronyň anti bölejiginden durýar.
Daşynda bir elektron aýlanýan protondan ybarat adaty
wodorodyň atomy Älemde näçe diýseň bar. Kosmosdaky adaty
materiýanyň takmynan dörtden üç bölegini emele getirýän
wodorod fizikada iň oňat düşünilen sistemalaryň biri.
Antiwodorod bolsa gaty seýrek duş gelýär. Ony öndürmek
aňsat däl, öndüreniňden soň hem ony dargatman saklamak
has-da kyn. Sebäbi antimateriýanyň çak edilýän ähli
elementleri ýaly, antiwodorodyň atomy-da materiýa bilen
galtaşan badyna dargaýar.
Antimateriýa boýunça häzirki ylmy gözlegler britaniýaly fizik Pol
Dirakyň 1931-nji ýylda antielektronlaryň bardygyny hasaplap
çykarmagy bilen başlanypdy. 1995-nji ýylda SERN-de ilkinji
gezek antiwodorodyň atomlary öndürildi. Şonda antiprotonlar
bilen ksenon atomlarynyň çaknyşdyrylmagy netijesinde 3
hapdäniň dowamynda dörän 9 atomyň ömri diňe bir sekundyň
40 milliarddan bir bölegine ýetipdi.
Ondan soňraky ýyllarda geçirilen synaglarda dowamly
öňegidişlikler boldy. 2010-njy ýýla ALPHA toparyna 38 sany
antiwodorod atomyny 0.17 sekuntlap magnit meýdanlary bilen
gabap saklamak başartdy. Üstümizdäki ýylyň mart aýynda
bolsa, alymlar 300-den agdyk antiatomy 17 minuda golaý
wagtlap magnit duzagynda manipulirläp saklamak arkaly,
antiatomlaryň üstünde spektroskopik analizleri alyp bardylar we
olaryň häsiýetlerine göz ýetirmegiň umuman mümkindigini
anykladylar.
SERN ylmy merkezinde ýörite kollaýder arkaly üstümizdäki
ýylyň aýagyna çenli protonlary çakyşdyrmak işi dowam etdiriler.
Ýene iki ýyla golaý wagtdan soňra bolsa, bu kollaýder
häzirkisinden iki esse köp kuwwat bilen işläp başlanda,
antimateriýa dünýäsine aralaşmaga köpri bolup hyzmat etmegi
mümkin uly massaly elementleriň öndürilmegine umyt edilýär.
Perdanin anarysyndaky dunya
-
Bravo
12 years ago
- Gyzkly eken. Minnetdar. Bashyndan okadm
shu antizatlan syrny acyp bilsek, bizn progresmze uly impuls bolardy
-
gadymypaytagt
12 years ago
- allanyn yaradan zadyna adamyn yetmesi yokdyr
-
karol12
12 years ago
- ono yetdigin ishin chatakdyr
-
karol12
12 years ago
- ono yetdigin ishin chatakdyr
-
gadymypaytagt
12 years ago
- men ahli alymlara,fiziklere,bioloklara,elmydam bir zat teklip edesim gelyada,olar bar ylmyny-bilmini adamzadyn oz gurlushyna,yagny allanyn adamyn beynisine yerleshdiren ahli ukyplaryny acmaga sarplasadylar,onda belkam biz bu yerde belkam bashga zatlary subutlashardyk.
gadymypaytagt 12 years ago- menem shuna antigarayshym bar.