Ine täze ýylam ýetip gelýär. Hemme kişi halaýanlary bilen täze ýyly nähili gowy geçirmegiň aladasynda eýýäm. Öz ýoldaşlaryna nähili sowgat aljagyny bilmän ýören haýsy, sowgat alyp-da kanagatlanman ýören haýsy. Menem sowgat almak isledim ýöne mundan öň geçen 2012 ýylymyň hasabatyny çykarmak isleýän. Geçen ýylda näçe adamyň göwnüne degdim, näçe adamyň kömek çakylygyny elimiň tersi bilen itdim.2012-nji ýylda ýene gedemlik edip adamkärçiligimden 1 ädim yza ätdimmi ýa-da birazajyk bolsa-da öňe gitdimmi? Geçen ýylymyň indiki ýyldan nähili tapawutly boljagyny oýlanmaly. Uffff... bu hasabat meni gynandyrjak ýaly. Ýyllar geçdigiçe gedemleşýän ýaly. “sag bol”lar ýerine “beýle etmeli däldiň”ler köp ýaly. Hemmesinden ötünç sorap çyksamam eýýäm giç bolan ýaly. Täze ýyla, täze başlangyja taýar däl ýaly. 2012däkiler ýene dowam etjek bolsa 2013e täze ýyl diýmegiň näme ähmiýeti bar. Diňe kalendardaky sanlar täzelenýäni üçin täze ýylmy!? Aýý ýok, kalendar günde-günde täzelenýar muňa täze ýyl diýip bilemok. Täze ýyla täze başlangyçlar bilen girmek islegi meni ýene ukymdan aldy. Men islesemem islemesemem 2013e giriler emma 2012 dowam edýän ýaly hereket ediler ýene. Hiç bolmanda öz-özümi täzelemek isledim. Şuny başarsamam özüme peýdaly iş eden ýaly duýarmykam diýän. Ötünç soramak nähili agyr... ýöne soraryn, täze ýyla täzelikler bilen girerin. Umydymy hiç wagt üzmändim ýene umyt ederin... belki, belki ....
Taze yyla
-
phenomen2
11 years ago
- Täze ýylda täze beýiklikler...
-
gadymypaytagt
11 years ago
- taze yyldan taze planlan amala ashmagna garashyan
(onden planlanlam elbetde)
-
turkmenim12
11 years ago
- sagbol brashke
-
virmenaard
11 years ago
- taze yyly oydakiler bilen gecirmeyanime 4 yyl dagy bolyar. kimdir birini begendirmek isleyanem welin...
-
virmenaard
11 years ago
- taze yyla uklap girmek has gowy :-)
-
gadymypaytagt
11 years ago
- virmenaard menki 5 yyl bolya
-
virmenaard
11 years ago
- tuweleme
-
gadymypaytagt
11 years ago
- gaytam goz degsin oydede bir taze yyl bellemek nesp etsina
-
virmenaard
11 years ago
- nesip bolsa.
-
alemdarov
11 years ago
- Mena oz soygulim bn gecirern dp arzuw etyadim. Yone bolmady mana gaty agyr degyar
-
mirasymyz
11 years ago
- Wirmenaard, gowy tema açypsyň. Aslynda Berdinazar Hudaýnazarowyň goşgusy bolmaly "Giç bolar" diýip. Bilmedim welin şol goşgudaky ýaly ýyla garaşyp dursaň giç bolaýmasyn.
Ötünç soramalylaň bar bolsa täze ýyl diýmän şu günden sorasak ylaýygy bolar.
Dogrudanam seň diýişiň ýaly özümizi hasaba çekmeli, ösüşmi ýa gaýdyş???
pida 11 years ago- kichi vagtym taze yyl-taze yyl diyip sho gune sabyrsyzlyk b/n garashyadym. ay sebabi sho gunler hemmeden sovgada garashyadym.o gun mashgalan b/n uyshup gechirilyan gun diyip, shu vagta mashgalamdan uzakda bolanym u/n indi taze yylmy, kone yylmy mana ha tapavudy yok yaly, bary bir sho gun bolsa-da bolmasada gunun gunden onchakly tapavudy yokmuka diyiiip oykelankishi bolup oturyn..... :-(