Ogry bolsaň, diňlegil, bolgaý niçik halyň seniň Kişi malynda gider köňlüň, gözüň, päliň seniň. Misli şeýtan aldawydyr mekir-u alyň seniň, Bu ýalançylyk bile ötgeý mah-u salyň seniň, Dowzaha dogry barar, billa, giden ýoluň seniň. Taňla magşar it bolup yňranyp iýgeý sen etiň, Ýüzüni görmez Muhammet sen kibi pis ymmatyň, Hem o dünýä şefgatyň-bolmaz bu dünýä döwletiň, Her zaman her sagat içre artdyryrlar mähnetiň, Bu jehim içre tutar möýler saw-u soluň seniň. Aglaýyr sen, gözlerinden ýaş ýerine gan gidip, Munça mähletler çekip, göwsüň dilip, weýran edip, Yssy bermez başyňa, toprak saçyp, girýan edip, Gylça yssy görmegeý sen dag gadar puşman edip, Döküler gaýdyp dahanyňdan pohuň-böwlüň seniň, Ol Muhammet garşysynda hem uýalgaý sen o gün, Ger ölüm bolsa idi, istärdiň ölgeý sen o gün, Gurzi astynda-melek zarbynda galgaý sen o gün, Ol Huryş atlyg ýylanga lukma bolgaý sen o gün, Maýmynyň suratynda bolgaý ki, tymsalyň seniň. Aýdyýar Magtymguly, görseň günähiň, eý gözüm, Çekiler gyldan-gyla magşar hasabyň, eý, gözüm, Ýüz gara, til gysgadyr, bolmaz jowabyň, eý, gözüm, Mal eýesige o gün biýr sen sowabyn, eý, gözüm, Hem günähiň boýnuňa goýgaý – budur halyň seniň.
Päliñ seniñ (Magtymguly Pragy)
-
Kuraldyshy
11 years ago
- her edarada klassik şahyrlaň, esasanam magtymgulynyň döredijiliginden ekzamen alynýan bolsady käşge....... sähet ýetirip dur mydama
-
turkmenntug
11 years ago
- Wagyz diňlän ýaly bolýan Magtymgulyny okasam...
sagja bol,Sähet han
gadymypaytagt 11 years ago- етиренине сагбол!