Biziň ýurdumyz daglara baý ýurtdyr we onda dagçylyk sporty bilen meşgullanmak üçin oňat şertler bardyr. Şolar boýunça gyzyklanýanlar, Aşgabat şäherinde ýerleşýän Agama dagçylyk ýagny alpinizm klubynyň saýtynda jikme-jik maglumatlar tapyp bilerler. Bu saýtda Türkmenistanyň daglarynyň suratlary, ýurtdaky alpinizm çäreleri we beýleki peýdaly maglumatlar ýerleşdirilipdir. Saýt rus dilindedir. Ondaky maglumatlar örän rejeli we tapmaga aňsat edilip ýerleşdirilipdir. Şu saýt arkaly tebigatyň we sportuň muşdaklary ýurdumyzyň gözelliklerini ýakyndan tanamak üçin özlerine täze gapylary açarlar we ol gözellikleri biz bilen paýlaşarlar diýip umyt edýäris. http://www.alpagama.org/

Köneler, Makintos tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir