Hü­när­men­ler Ýe­riň dö­reý­şi bi­len bag­ly mag­lu­mat­la­ry top­la­mak mak­sa­dy bi­len Ýe­riň mer­ke­zi­ne ba­ryl­jak tas­la­ma­nyň üs­tün­de iş­le­ýär­ler. Ba­ha­sy bir mil­liard dol­lar bo­lan tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de Ýe­riň daş­ky ­gat­la­gy­nyň iň ýu­ka ýe­ri bo­lan no­ka­dyn­dan bu­raw­la­nyp baş­la­nar. Şeý­le­lik­de 2020-nji ýyl­a çenli Ýe­riň ýad­ro­sy­na ba­rlyp bol­jak­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Hä­zir­ki wag­ta çen­li bu tas­la­ma­ny ama­la aşyr­mak üçin teh­no­lo­gi­ýa­nyň bär­den gaýd­ýan­dy­gy çak­la­nyl­ýar­dy. Tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de Ýa­po­ni­ýa esa­sy rol oý­nar. Um­ma­nyň aşa­gyn­da baş­lan­jak bu­raw işi al­ty ki­lo­metr çuň­lu­ga ba­ryp, ol ýer­den nus­ga al­ma­gy mak­sat edin­ýär. Alnan nusgalar Ýeriň ýadrosynyň himiki düzümini hem anyklamaga ýardam eder. Tas­la­ma­ny “En­teg­re um­man buraw mak­sat­na­ma­sy­nyň” çäk­le­rin­de iş alyp bar­ýan to­par ýad­ro­nyň da­şyn­da­ky gat­la­gy ga­zyp, uly açyş et­me­gi mak­sat edin­ýär. Ýe­riň ga­ty gat­lak­la­ry kyn­çy­lyk dö­re­der Tas­la­ma­nyň ýol­baş­çy­la­ryn­dan Da­mon Tigl met­bu­ga­ta be­ren be­ýa­na­tyn­da Ýe­riň ýad­ro­sy­na bar­ma­gyň ylmyň ta­ry­hyn­da­ky iň uly açyşlardan bi­ri bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Emma bu açyşyň şol birwagtyň özünde iň kyn ylmy iş boljakdygy habar berilýär. Tigl bu­raw işi­niň üç ýer­de ama­la aşy­ryp bol­jak­dy­gy­ny, ola­ryň hem­me­si­niň Ýu­waş um­ma­nyn­da ýerleşýändigini habar berdi. Ýe­riň ýad­ro­sy­na ba­ry-ýo­gy al­ty ki­lo­metr bo­lan ara­ly­ga 30 san­ti­metr giň­li­gin­de de­şik de­şi­ler. Bu­raw to­pa­ry diý­seň ga­ty bo­lan gat­la­gy gaz­ma­ly bo­lar­lar. Bu bol­sa aşa çy­dam­ly bu­raw­la­ry ta­lap ed­ýär. Bu­ra­wyň de­şi­jisiniň ujuny her 50-60 sa­gat­dan ça­l­şyryp dur­ma­ly bo­lar. Bu bol­sa 2-3 gün­den bir ge­zek ony ça­lyş­mak üçin bu­ra­wy tog­tat­ma­ga ge­ti­rer. Öň hem sy­nan­şy­lyp­dy Bu­raw üçin Ýa­po­ni­ýa­nyň um­man­la­ryň çuň­luk­la­ryn­da bu­raw işi­ni ge­çir­mek üçin ulan­ýan “Chi­kyu” en­ja­my ula­ny­lar. 2002-nji ýyl­da ýa­sa­lan en­jam hä­zir­ki wag­ta çen­li um­man­lar­da yl­my bar­lag­lar üçin iň çuň çu­kur­la­ry gaz­mak­da peý­da­la­nyl­ýardy. En­jam hä­zir­ki wagt­da Ummanyň düýbünde 2,2 ki­lo­met­r çuňluga çen­li ga­zyp bil­ýär. Alym­lar mun­dan ozal hem bu tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge sy­na­nyş­ypdy. 1960-njy ýylda ABŞ-nyň “Mo­ho­le” maksatnamasynyň çäk­le­rin­de Ýer ga­ta­gy­nyň bir­nä­çe metr çuň­lu­gy­na ba­ryl­dy. Emma has içki gatlaklara barmak başartmady. 1966-njy ýyl­da bu tas­la­ma ýa­ty­ryl­dy.

Köneler, virmenaard tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir