1 Arzuwlaryñ gämisi. "Ynsan ogly arzuwsyz, guş ganatsyz bolmaz" diyilişi ýaly her bir ynsanyñam köñlünde besleýän arzuwlary bardyr. Inede bu hekaýada da ýañy mekdebi gutaryp daşary ýurda okuwa gidýän ýaş ýigidiñ arzuwlaryndan onuñ durmşyndaky ajaýyp wakalardan sizede yetirmek isedim. Myrat onynjy synpy tamamlap öz durmuşynyñ esasy bölegi bolan ýokary okuw jaýyna synanyşmak üçin Türkiýe döwletiniñ Istanbul şäherindäki Istanbul Tijaret Unwersitetine syýnaga gatnaşýar. Bir aý soñra unwersitetden öylerine syýnagyñ netijeleri gelip gowuşýar. Myrat unwersitediñ Halkara Söwda we finans bölümini gazanýar. Ol gün özüni dünyäde iñ bir bagtly adam hasap edýärdi. Onuñ begenji ýerde gökde durmaýardy. Kakasy Gurban agada oglynyñ bu üstünliginden diýsen hoşal bolup ýan yoldaşy Jeren gelneja " Keywany bu gün ogluñ şanyna nira aýlanmana gidaýsek diýýän" diýip söze başlady. Jeren gelneje şäheriñ daşyna gezmäne gidaýsek nähilli görýäñiz diýdi, muña jigileri Maral bilen Aýjemalam howwa, howwa diýip begenç bilen kaka bizem zatlary toplaly bü gün dynç günü dynç alyşymyzy gowy geçireliñ diýip kakalaryna yüzlendiler. Gurban agada borda sizin diýeniniz bolsyn diýip ulagyna yöneldi. Myrat örän begenýädi şol bir wagtda ýakynlaryny göýup uzak bir ýurda gitjeginede gyýnanmanam duranokdy. Olar o gün maşgala bolup Aşgabadyn etegindäki daglyga aýlanmana gitdiler, bu gün Myradyñ durmuşynda unudylmajak gündi. Gurban agan maşgalasy giýjirak öye gaýdyp geldiler. Myrat dostlarydyr mugallymlaryna bu habary yetirip men iki günden gitmekçi şuwagt petegimi alyp gelyädim diýdi. Serdar mugallym Myrat soñra men synpyma gelersindä sana aýtjak zatlarym bar diýip öz synpyna dogry ýöredi. Birazdan Myrat öz dostlary bilen hoşlaşyp Serdar mugallymyň ýanyna bardyda gapyny kakdy. Gapy açyk gel diýip mugallym seslendi. Myrat mugallymyn ýanyndaky oturgyçda otyrdy. Serdar mugallym: " Myratjan men seni edil öz oglym ýaly görýän sen ýakynda daşary ýurda okuw gitjegiñe de gaty begendim sana maslat bereýin diýip ýanyma çagyrdym, durmuş bizin pikir edişimiz ýaly däl. Sen indi uly oglan her bir hereketini düşünüp, pikirlenip etmelisiñ. Okuwuñda sen köp gyzlar,oglanlar bilen tanyşarsyn, dost boljak adamyñy gowy saýgar gowy adamlar bilen dost bol. Esasanam duruşyña täsir etjek zatdyn biride ýan ýoldaşyñdyr. Sen ony gowy oýlanyp pikirlenip seçmelisiň çünki seniň saýlan gyzyñ ene atana, jigleriñe mähirli, göwünden hyzmat etjek olary öz ejesidir kakasy ýaly görjek gyz bolmalydyr. Alla tagalla Kurany Kerimde Isra süresinde1: "Ene atañyza gowy seredin, olara göwünlerini göterji sözler aýdyň, olara hatda UF de diýmäñ" diýip buýurýar. Bu sözlere gowy düşünjek, ejeni kakañy, we bütün maşgalañyzy bagytly etjek olara ýürekden söygi bilen hyzmat etjek gyzy saýlap seçmelisiñ diýip sözüni tamamlady. Myratda elbetde mugallym maslahatyñyz üçin köp sag bolun. 2 Siz maña durmuşymda köp haýyrly zatlary öwretdiñiz siziñ öwütleriñizi asla unutmaryn diýip mugallymy bilen hoşlaşdy. Serdar mugallymyñ bu sözleri Myradyñ ýatsa, tursa kellesinde aýlanyp durdy. Agşam Myrat enesine atasyna telefon etdip olar bilen hoşlaşdyda garryja mamasynada jan etdi mamasy: " Myratjan balam okuwlaryña örän üns bergin Alla zehin açyklygyny bersin ýoluň ak bolsun, ýoldaşyñ hak" diýip ýagşy arzuwlar bilen agtygy Myrat bilen hoşlaşdy. Ol ömürnü bilelikde geçirjek gyzynyñ bu zatlary düşünjegi umuýdy bilen yola düşdü. Howamenzilinde ejesi,kakasy, jigleri Maral bilen Aýjemal we synpdaşlary bolup ugratdylar. Myratyñ bu sapary onuñ önründe birinje gezek däldi ol kakasy bilen öñem daşary ýurtlara gidýärdi. Uçaryñ howa döterilmesi Myradyñ yüreginde watanyndan uzaklaşýandygyny duýup içini aýralyk duýgusy gaplady. Uçar dört sagatdan Türkiyeniñ Istanbul şäherine gonny. Myrat üçin aýralyk durmuşynyñ ilkinji günleri diýseñ iç gysgynç geçýärdi. Ol ýokary okuwjaýyñ gapysyndan girer girmez öz ýurtdaşlaryny gördü, ýanlaryna baryp salamlaşdy. Bulary gören Myrat indi özüni Istanbulda yalñyz duýanokdy. Türkmenistandan gelen gyzdyr, oglanlar bilen tanyşdy olaryñ içinde bir gyz Myrada gözüni aýyrman seredýärdi. Myradyñ bolsa göwnü bir ýalydy. Çünki ony gyzlar dälde okuw jaýy özüne çekýärdi, binalaryñ üýtgeşik boýaglary görenleri özüne baglaýardy. Myrat maşgalasyny örän küýeýärdi beýle uzak wagtlap öz öýünden aýra ýaşap görmändi aýralyk oña maşgalanyñ gadyr, gymmadyny we ene atanyñ durmuşyñ iñ bir esasy bölegidigini ýene bir gezek subut edýärdi. Istanbuluñ mylaýym Marmara deñziniñ joşdurujy howasy oña okuwundan boş wagtlary goşgy ýazmana iterýärdi. Ol ejesi hakda birnäçe goşgylar ýazýardy. Şeýdip Myrat tomusky dynç alyşynada çykdy. Syýnaglaryndan gowy bahalar alan ýaş ýigit Aşgabada gitmek üçin petek almana howamenziline geldi. Petegi alar almaz arkasyna seretdi arkasynda bir türkmen lybasly zenan menzildäkilerden ýol salgysyny soraýardy. Howamenzili diýsen ulydy gelnejä menzildäkiler düşünmediler. Sebäbi bu gelneje türkmençe gepleýärdi. Myratda salam berip gelneje men size kömek edip bilerinmi diýdi. Muny gören gelnejede örän begendi. "Geleniñ gowy bolaýdy gaýrat etde ballym şu petekdäki ýere meni alyp gitsene" diýip Myratdan haýyş etdi. Myratda derhal menziliñ gapylaryny görkezýän ekerandan seredip gelnejani Aşgabada giden gapa alyp gitdide sag aman baryñ gelneje diýip ugratdy. Gelneje Myradyñ bu ýagşylygyndan gaty hoşal boldy. "Balam senem sag amanja gez Alla ýalkasyn" diýip hoşlaşdy. Ertesi ir bilen ýurdyny, ata watanyny küýsän ýaş ýigit ýola düşdü. Uçar hergezekki ýaly Aşgabadyñ Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky howamenziline gondy. Uly söygi we watanyñ mylaýym şemaly ýigide hoş geldiñ diýip garşylady. Myrady kakasy menzilde begençdir mähir bilen garşy aldy. Gurban aganyň bu gün iki gözleri dört boldy oglunyñ uzak wagtdan soň öyüne gelmesi ony hasda begendirdi. Myrat ejesidir jigleri bilen salamlaşdy 3 başdan geçirenlerini gürrüñ berdi. Dostlary, mugallymlary bilen görüşdü. Bir näçe gün son Myrat: "Eje kaka men oba baryp gaýdaýsam diýýän nähilli görýäñiz" diýdi Jeren ejede oglum eneñem atañam seni gaty göresi gelendir. Olaryñ ýanyna baryp gaýtsañ olaram begener". Gurban aga oglum name bilen gidäýsem diýýäň diýdi. Myrat öz ulagmyzda gidäýmesem kaka diýdi. Iki gün soñ Myrat uglagyna minip ir gözünden ýola düşdü. Ikindin ara ulag oba gelip ýetdi. Enedir atasyny görüp Myrat diýsen begendi olary gujaklap bagryna basdy. Agtyklaryny gören garrylarda" gözün aýdyñ oglum ahyry senide gördük kä wagtlar geläýmän bardy okuwa gineñ son biziňem seni gaty göresimiz geldi" atasy Şabasan aga gözlerinden begeç ýaşlary syrykýardy. Gelin hany Myratjanyma nahar salyp getir, oguljugum uzak yoldan gelen bolsa ajygandyr, diýip Enejan ejede agtygynyñ başyny syýpalady. Ertesi Enejan eje Myratjan şu obada Çerkez agalar hudaýýoly edýäler meni olara ertip gaýtsana balam diydi. Myradam ulagyny süpüryärdi. Elbetde enemjan ulaga miniñ men sizi ertip gaýdaýyn diýip. Ulagyñ gapysyny açdyda enesini mindirdi. Eneli ogul bolup Çerkezagalaryñ öýûne geldiler. Myrat ulagdan düşüp enesine gapyny açyp berdi. Enejan eje ulagdan düşen badyna ony Çerkezaganyñ körpe ogly Aman aganyñ ýan ýoldaşy Gözel gelneje bilen gyzy Çynar garşylady. Salam älik Enejan eje asyl bu siziñ agtygyñyzmydy diýdi. Enejan eje howwa bu Gurbanyñ ulyja ogly, ýogsa siz muny bir ýerde gördünizmi diýdi. Gözel gelnejede ýylgyryp howwa men geçen hepde Türkiýa gözümi bejerdeýin gidip gidipdim. Yzyma gaýdamda howamenzilinde Aşgabada gidýän gapyny gözleýärdim hiçkime gepimi düşündirip bilmän durkam. Ine sen agtyjagyñ maña ýol görkezip ullakan kömek etdi. Tüweleme agtyk terbiýeläp bilipsiñiz. Alla ýalkasyn, ýörüñ içeri gireliñ diýip Enejan ejani öye alyp gitdi. Myradam Gözel gelnejäniñ çynar bolýy, gara gözlü gyzyny görende içinden inede meñ diýýän gyzymda geýnişi, ýöreýşi gowy terbiýe alandygyny aýdypdur diýip ulagyna minip gitdi. Myrat öylän enesini almana Çerkez agalara geldi. Ýöne bu gezek oña Çynary görmäne purzat bolmady. Agşam ara ýigit birzatlar alaýyn diýip ýoluñ kenaryndaky bir dukana sowuldy. Içeri girende ýitiren zadyny tapan ýaly dukanda Çinara gözü düşdü ony butaýda görende gaty begendi. Çynar bolsa bu dukanda işleýärdi. Ýigit salam berip " bagyşlañ siz Çerkez agañ agtyga dälsiñizda" diýip söze başlady. Çynarda howwa siz meñ ejeme Istanbulda nädip gabat geldiñiz diydi. Myradam çalarak ýylgyryp "men Istanbulda okaýan petek alaýyn diýip howamenziline baramda gabatlaşdym" Diýdi. Şeýdip bularyñ sözleri alyşyp gitdi. Birden gapydan bir gyz girdi. Bu gyz goñşylary Meret agañ gyzy Sährady. Salam Çynar armada jora diýip Çynardan bir kilo şeker bersemini sorady. Çynarda bir kilo şeker çekip berdi. Myradam gerek zatlaryny alyp çykmakçy bolanda. Jorajan men gideýin biraz howlukmaç diýip Sähra öñürtü gapydan çykdy. Myradam sag bolun ýene görüşýänçäk diýip dukandan çykdy. Ulagyna minjek bolanda ulagyñ açaryny 4 tekjäniñ üstünde unudany ýadyna düşüp içeri girdi seretse Çynar ýylgyryp durdy. Myratda bagyşlan şu tekçäniñ üstünde açarymy unutdypdyryn diýip açaryny alyp ulaga geldi. Çynar bu bolşyna örän utandy. Ol Myrat gidendir öýdüpdi. Myradyñ gepleýişi özüni alyp baryşy Çynaryñam göwünine ýarady. Ulagyna minip öýlerine gaýdan ýigit ýol boýu Çynaryñ bu ýylgyryşy gözeginden gidenokdy. Myrat öýlerine jañ edip kaka men ýene biraz obada galaýynla ýylda bir gezejik dynçalyşa çykýan diýip maşgalasyna hepdaniñ ahyryna çenli eneslerinde galjagyny aýtdy. Ertesi irden gapy kakyldy. Myrat gapyny açdygynda goñşylary Sähra salam Myrat eneñ atañ öýde diýip sorady. Myrat geliñ geçiñ olar içerde, çaý içýärler diýdi. Sährada salam berip öýe girdi. "Şabasan aga biz düýe soýýas welin sizin ullakan et çekilýan gapanyñyzy alyp bilerinmi". Diýip Şabasan aga yüzlendi. Şabasan aga Myratjan gazlyjaýda tekçäniň aşagynda durandyr Meret agalara ertip berde goñşylarada senem kömelşäý diýdi. Sährada Alla ýalkasyn diýip gazlyjaýdan gapany alyp Myrat öýlerine gitdiler. O gün hepdäniñ dynç günü bolansoñ Çynarada iş günü däldi olam jorasynyñ işlerine köpekleşmäne gelipdi. Myrat gapany düýe soýupduran gassaplara getirip berip olara kömekleşdi. Bir azda etleri parçalap bolansoñlar. Myrat senem düýäniñ etinden nahar iýip git diýdiler. Olam jaýyñ arka tarapyndaky gazanyñ ýanyna naharsalmana gidipdi. Birden öñünden, öñü öñlüklü Çynar çykdy. Myrat ony görende ýylgyranyny özem bilmedi. Nahar iýilip bolunandan soñ Myrat bilen Çynaram öýlerine gaýytdylar. Myrat ýolda özüniñ ertir gitjegini aýytdy muña Çynar gyýnandy. Myrat bolsa gyýnanma biz telefonda habarlaşyp bileris diýip Çynaryñ telefon belgisini aldy. Myrat öz ýüreginde Çynara bolan duýgysyny ahyry bildirdi. Çynar bolsa utanjañlyk bilen aý oglan borla butaýda beýle gürrüñ edip durmaly kakam göräýse mana gaty gahary gelerdiýip öylerine tarap ýöredi. Çynaryñ utanjañlygyndan Myrat bilen sagbollaşmanam unutdy. Şeýdip Myrat ertesi ene atasydyr agalary bilen hoşlaşyp ulagyna münip ýola düşdü. Emma yigidiñ yzyna gaýdyşy örän tiz geçen ýaly boldy. Çünki ol kalbynda besleýän gözelini öz obasyndan tapypdy. Myrat indi gijeleri bolsun gündüz bolsyn hemme pikiri Çynardy. Iki aýdan soñ ýene maşgalanyñ ýyljajyk gujagyndan aýyrmak pursady geldi. Myrat bir ýyldan soñ ýene öz mähirli ojagyna geldi. Bu gezek ony Gurban aganyñda hünari bolan halkara söwdany oglynyñ hasda içgin öwrenmesi üçin ony Birleşen Arap Emirlikleriniñ Dubai we AbuDhabi şäherlerine ýany bilen alyp gitdi. Kakasy oglynyñ geljegi onuñ dünýä garaýşynyñ giýñemesi üçin elinden gelenini etýädi. On güne süren bu saparlary Myrada kän zatlary öwretdi onuñ üçin bu sapary iki ýyl öňkisine garanyňda örän täsirli boldy. Ol hasam iñlis dilini gowy özleştirýärdi. Şeylelik bilenem talyplyk ýyllary tamamlanyp barýardy. Gurban aga bu gezek hem oglyny hemde Türkiýedäki Halkara Söwda sergisine gatnaşmana İstanbul sergi köşine geldi. Bu gezek ony İstanbulyñ howamenzilinde uly söýgi bilen 5 Myrat garşy aldy. Kakasynyñ ýanyna iş bilen gelmesi Myradyñam örän göwnüni göterdi. Myrat dört dil bilýärdi. Kakasy gidýänçä onuñ ýanyndan aýyrylmady. Sergide kakasyna golutky bolsyn diýip, türk dilinden türkmen diline terjeme edip berýärdi. Kakasy üç günden soñ öýüne gitmek üçin taýynlanýardy. Myradam ejesidir jiglerine Türkiýäniñ iñ meşgur tagamlaryndan, şirinnanlardan we beýleki datly irimişlerden ugratdy we nesip ederse menem alty aýdan elim diplomly bararyn öýdäkilerede salam aýt diýip kakasyny ugratdy. Myrat gutaryş syýnaglaryna uly taýýarlyk görýärdi. Şol wagytda hem öz söýgüli ýarynyda unudanokdy. Çynar bolsa onuñ geljegine uly umyt bilen garaşýardy. Her geçen günler Myrada bolan söýgüsini artdyrýardy. Inede uly üstünlik bilen yigit okuwyny tamamlap. Öz ata watanyna, diýaryna geldi. Jeren gelnejede bu ýyl oglyny öýli işikli edäýsek diýip Gurban aga bilen maslahatlaşdy. Gurban aga: " Jeren sen hany şu oglyñdan bir habar al onuñ halaşlan gyzy barmyka" diýip bu işi Jeren gelneja tabşyrdy. Jeren gelnejede bir gün çaýyñ başynda oglum senem öýlendiräýsek diýýäs, halaýan gyzyn barmy" diydi. Myratda: " howwa eje şu obamyzdaky Çerkez aganyñ agtygy Çynary halaýan" diýip jogap berdi. Ertesi ir bilen Gurban aga Istihare 2 namazyny okap Aman aganyñ gyzy Çynara sawçylyga gitdi. Aman aga oña belli bir jogap bermänsoñ Gurban aga ol gün Kakasy Şabasan agalarda galdy. Munuñ sebäbide Aman aganyñ ýan ýoldaşy Gözel bilen maslahatlaşmakçy bolmasydy. Gözel gelnejede bu habary eşden badyna: " Aman men Şabasan agañ şol agtygyna gaty göwnüm ýetdi, akylly başly oglan Jeren bilen Gurbanam tanaman duran ýerlerimiz däl. Çynarjandanam bir soraýyn ol näme diýerka" diýip. Gyzyndan soramagy ýüregine dügdüler. Çynaram ejesine göwünlü jogap berdi. Ertesi agşam Gurban agada ýenede bir habar alaýyn diýip. Aman agalañ gapysyny kakdy. Aman aga bilen bu meselani ylalaşanlaryndan soñ. Guda menem rugsat bersen ýöräýin ertirem ýolagçy diýip. Begenip kakalaryna gaýtdy. Bu gudaçylygyñ ugryna bolanyna Myradam, maşgalasam diýsen begendi. Olar aýyñ ahyryna Myrat bilen Çynaryñ durmuş toýlaryny tutmagy ýüreklerine düwdiler. "Aruwlaryñ gämisi" atly hekaýanyň birinji bölüminiñ soñy. 1 Isra süresi, 23 aýat 2Istihare namazy iki rekatlyk namaz bolup haýyrly bir işiň başyny tutmakçy bolanyňda Allahdan ol işiň özü üçin haýyrly bolmasyny diläp okalýan bir namazdyr.(Sahih Buhari 7/162) Hekaýanyñ ýazyjysy: Batyr Şabasan Guwamçmyrat ogly. Türkiye Jümhurýeti İstanbul 2012 ýyl.
Arzuwlaryñ gämisi.
-
akylym1989
12 years ago
- 2-nji bölümi ýokmyka awtor?
wulkan 12 years ago- Bagtly bolsunlar! Awtor senem yaltanman yazypsyn tanyryalkasyn.