Gel,göwnüm,nesihat berem, Namekana ýar olmagyn, Her ýetene ýarym diýip, Yzynda bidar olmagyn. Geñeş bergin deñe-duşa, Ahyr ölüm gelir başa, Bir biçäre ýalñyz kişä, Sütem eýläp,zor olmagyn. Dilegiñ Allaga ýetse, Dergahynda kabul etse, Öz günüñ özüñden ötse, Ýalançyda hor olmagyn. Ýygyn meýdana düşende, Namardyñ akly çaşanda, Ol ganyma ugraşanda, Deñ-duşdan bäri olmagyn. Magtymguly-ýokdur ýalan, Durman öter munda gelen, Bir akylsyz biweç bilen Deñ-duş bolup jora bolmagyn.

Köneler, sahett tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir