Meýhana men mestiňden, messana, Ogulbike, Hem ülpeti dostuň men, diwana Ogulbike, Hoş reftaru-hoş güftar, dürdäne, Ogulbike, Adyň bilen aşna men, bigana, Ogulbike, Bir ýorganu-bir ýassyk, döwrana, Ogulbike. Bir bilbili-şeýda men, nala-wala eder men, Her sagat örtener men, köýüňde derbe-der men, Ten mende, janym sende, sensiz jany neder men, Sen bir Leýli, men Mejnun daga-daşa gider men, Men janym bilen aşna, bigana, Ogulbike. Sowuk sözden sim alyp, azypdyr-la ýaramyz, Daşdan gören bir diýsin, golaý bolsun aramyz, Suw seňrikden agansoň, artmasyn mübtelamyz, Adam diýip sagynma, her kim görse garamyz, Maksat: döwran galmasyn, bigana, Ogulbike. Gyzlar ýanynda ýyldyz, sen özüňi aý etseň, Gana-gana seredip, husnuň bilen baý etseň, Bir janym bar, umydym, ýüz müň jana taý etsen, Ýorgan-düşek, per ýassyk, öz goýnuňda jaý etseň, Sen ataşa men aşyk perwana, Ogulbike.
Ogulbike
-
akylym1989
12 years ago
- sahett agza sag boluñ gosgyny ozal okamandym siziñ temañyz arkaly okadym minnetdar
-
akylym1989
12 years ago
- adym ogulbike bolmadygyna gynanýanda)))
-
Patron
12 years ago
- berdi kerbabayewi dunya edebiyatyna giren chingiz aytmatowyn yele-yanynada yakynlashdyryp biljek dal men-a. Yone Chingiz aganyn turkmen bolup dunya inmedigine bolsa gynanyan, we gyrgyzlardan nadip sheyle yazyjy dorap bilishine hayran. Gindir dunye, gendir dunye.
-
sahett
12 years ago
- patron agza berdi kerbabaýewy öwren doly...
-
Amanmyratgeldisapargulynazardurdymuhammet
12 years ago
- gouja gosgy
sahett 12 years ago- Berdi kerbabaýewy dünýä edebiýatyna giren gyrgyz ýazyjysy Çingiz aýtmatow bilen deñeşdirip biljek...