Bu gün ýolda gördüm rus gözelin, Geýipdir egnine türkmen köýnegin. Köýnegi, gözeli bezäpdir has-da, Keşbini artdyryp, görkün-görmegin. Zat diýp ýetişmedim sözleri jemläp, Agzyn açyp seredensoň hemmeler. Bakanym bilmedim men oňa geňläp, Wasp etmäge oňa näme deň geler. Wah, nädeýin, alyp gitdi erkimi, Täk özüne çekip barýar her kimi. Yzyndan gitmäge bogun ysmady, Sussum basylypdyr görüp görküni. Yöräp barýar haýran edip köpleri, Şol gyz hakda ýolagçylaň gepleri. Menem oňa garap ýazyp otyryn, Jübimden çykaryp galam-depderi. Ýazypdyryn nädip men oňa goşgy, Haýran, ele alypdyryn galamym. Görüp men, gözeliň keşbini daşky, Bilmändirin, nädip aşyk bolanym. Husuy döredijilik. (Belki goşgudyr ýa-da goşgujyk) Berdigylyç Arazgylyjow

Köneler, Patron tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir