hüşgär boluñ, häzir boluñ, haýyşym, döwlet galkyp, daş ýaranda bagtyñyz, berkerar çagtyñyz eserdeñ boluñ. aly kändir, ýoly kändir haýynyñ, eger bele beter gelse dok ile öñi bilen azgynlykdan gelýändir! beýikligiñ- myrtar pesligi bardyr, doklugyñ- ýigrenji mesligi bardyr. pirleriñ elinde şeraply bada, şeýtanyñ elinde tesbisi bardyr, pelek pälwan ýaly arşa göterip aýlap-aýlap başyñ aýlap ýykýandyr! açlygy mert çeken ilim, zybanyñda sena bardyr, hüşgär boluñ,hüşgär boluñ, dokluk atly bela bardyr. ol beladan goranmaga ne pena, ne gala bardyr. abat ili weýran etjek haramhordyr! haramhordyr! azgynlykdan geler belañ ulusy, kart bilen pal atar iliñ welisi. gölegci patada al-şerap icip, gusul görmän gider mundan ölisi! ulug pirler imanyndan aýrylar, ulug ärler ynsabyndan aýrylar, duşman humar bolup keýpi-sapada, gözel gyzlar ajabyndan aýrylar, ýaş gelinler ekrabyndan aýrylar, dost duşman bor, dogan bolup saýrylar, bela gelse- garagyñy gapdyrar, bela gelse betpäliñden tapdyrar, lut pygamber ýaly abadab ýurdyñ, gara ýere hopdurar! bela gelse baýlyk-bereket gider, rysgal-döwlet gaçyp çykar töründen, dowzaha aýlanyp zeminiñ üsti, ot sowrular atalaryñ göründen! bela gelse- hatar-hatar kerweniñ kerwenbaşy talañçy hyrs çykýandyr, bela gelse- gerçekleriñ,nerleriñ gerräniñ başynda dyza çökýändir! bela gelse- apat alar jahany, aýagyñ astyna düşer namys-ar, bir pul bolup gelin-gyzyñ bahasy namyssyz il ne-hä ýurdyny gorar, ne-de watany! türkmen,seniñ tuguñ namysdyr-ardyr, köñliñ kanagatly,ruhuñ-da baýdyr. hüşgär boluñ, häzir boluñ,bek biliñ, doklugyñ ýanynda doñuzlyk bardyr, baýlygyñ ýanynda azgynlyk bardyr!
Azgynlyk(üç apat)
-
sahett
12 years ago
- Dowamy bar...
-
balajyk12
12 years ago
- sahett.dowamynyda.yazayynda.
handsome1 12 years ago- dowamy barmy