“Maýkrosoft” (Microsoft) “Windows 8” amaly ulgamynyň täze nusgasy 26-njy oktýabrda doly elýeterli bolar. Bu barada şereketiň korporatiw blogynda habar berilýär. Öň hem habar berlişi ýaly bu kompýuter plat­ formasy sensor ekranly enjamlardaky, hususan hem planşetlerdäki öňki ýeňilliklerden tapawutlanar. 26-njy oktýabrda täze amaly ulgamyň satuwyna başlamak meýilleşdiril­di, üstesine-de “Windows – XP”, “Vista” we “Windows 7” ýaly ozalky wer­siýalaryň ulanyjylary öz ulgamlaryny arzanladylan baha bilen 2013-nji ýylyň ýanwaryna çenli “sekizlik” bilen täzeläp bileler. “Maýkrosoft” şereketi “Windows 8”-iň synag nusgasyny geçen ýylyň sent­ýabr aýynda geçirdi. Bu şereketde mälim etmeklerine görä, täze ulgam ozalky “Windows 7”-däki ähli gowy zatlary özünde jemleýär we şunuň bi­len birlikde önümçilik, howpsuzlyk we ygtybarlylyk nukdaý nazaryndan ep-esli derejede kämil bolup durýar. Täze amaly ulgamyň syrly aýratynlyklarynyň biri hem sensorly dolandy­rylýan enjamlar üçin ýörite döredilen ulanyjynyň interfeýsi bolar.“Onuň dolandyryjylygynda planşet kompýuterler göz açyp ýumasy wagt­da işläp başlaýarlar we uzynly gün zarýadsyz we internede birikdirilen ýagdaýda galýarlar” diýip , “Maýkrosoft”-da ynandyrdylar. Ondan başga-da “Windows”-yň täze nusgasy gollanmalaryň bilelikdäki işi we olaryň özara gatnaşygy bilen üpjün ediler. Mysal üçin suratlary jemgyýetçilik ul­gamlaryndan ýa-da gös-göni kompýuteriň gaty diski arkaly ibermek mümkin. “Maýkrosoft” ozalky meşhur “Windows 7” amaly ulgamynyň nusgasyny 2009-njy ýylda “Windows Vista”-nyň şowsuzlygyndan üç ýyl soňra çyka­rypdy. Bu ulgam ulanylanda örän çylşyrymly we amatsyzdy, haýal işle­ýärdi we satylyşynyň derejesi hem örän pesdi. Ulanyjylar uzak wagtlap “Windows XP”-iň has ozalky nusgasyny ileri tutdular. Şeýle-de bolsa “ýe­dilik” “Vista”-dan şowly bolup çykdy. Statistika hyzmatlary “Stat Coun­ter”-iň maglumatlaryna görä, “Windows-7”-niň paýy iýun aýyndan - ilkin­ji gezek çykan wagtyndan 50 göterim artdy we çen bilen 30 göterim kompýuterlerde oturdylan “Windows XP” ikinji ýeri eýeleýär. “Total Telekom” neşiriniň habar bermegine görä, täze amaly ulgam –“Maýkrosoft” üçin beýleki dünýä derejesindäki planşet kompýuterleri­niň uly bölegini öndürýän “Google” we “Apple” ýaly ägirtler bilen bäsleş­mekde gowy mümkinçilik bolar. Ýaňy-ýakynda bu şereket özüniň husu­sy “Surface” planşetini döretmek niýetini mälim etdi hem-de “Windows 8”-e esaslanjak ofis programmasynyň bukjasynyň täze nusgasy barada gürrüň berdi.

Köneler, sahett tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir