«Soraň, jogap berýäris!» diýen ýazgylar Aşgabadyň aeroportydyr wokzalynyň «sorag býurosy» diýlen ýazgy goýlan äpişgesiniň öňünde asylar goýlardy. Indi «Sorag býurosy» diýlen ýazgy bar, ýöne «Soraň, jogap berýäris!» diýlen ýazgy ýok. Sebäbi olar hiç kimiň soragyna jogap beribem duranoklar. Uzakly gün jaň etseňem, aeroportyň hem demir ýol wokzalynyň hem «Sorag býurosynda» telefon galdyrylmaýar. Uzakly gün telefon ýerinde goýulmaýar, kimdir biriniň telefonda gepleşýändigini bilip bolýar. Alaçsyz taksä ýa-da awtobusa münüp, ýakyn ýoluňy daş edip, soragyňa jogap almak üçin «Sorag býurosyna» barýarsyň. Hut pikir edişiň ýaly. «Sorag býurosyndaky» gyz, gelin, daýza telefony gulagyndan asyp goýandyr. Näçe garaşyber. Telefony ýerde goýaga-da, «Näme soragyňyz bar?» diýmez. Ahyr garaşmakdan ýadap, soragyňy oňa gönükdirersiňem welin, olar it ýaly jabjynyp, «Garaş, göreňokmy, gürleşip otyryn, ýüregiň ýarylyp barýarmy?!» diýip gygyrýarlar. Edýän gürrüňlerem işe degişlem däl, ýa toýuň gürrüňi, ýa kurortyň gürrüňi, ýa köýnegiň, ýa gudaçylygyň gürrüňi. Olar gürläp-gürläp, halys ýadap, trubkany ýerinde goýan halaty, ýa-da trubkadan ünsüni sowan halaty-da özüne berilýän islendik soraga «Bilemok» diýip, jogap berýärler. «Soraň, jogap beremzok!» diýip, aýnaňyzyň öňüne ýazyp goýuň-da beýdip işlejek bolsaňyz!» diýip, gahary gelýänler olara gygyrýarlar. Olar bu söz üçin hiç kim bilen sögüşip durmaýarlar. «Ýok bol!» diýen terzde ellerini salgap goýberip, ýene öz süýji gybatlaryna başlaýarlar. Bir eneden bolan dek, olaryň barynyň hem häsiýeti bir. Olary aram-aram täzeleýärlerem. Täze gelenem ýene şol bir öňki işgärler ýaly, trubkany ýerinde goýman, uzakly gün gybat edýär ýa-da oturýan otagynyň «Sorag býurosy» diýlip ýazylan äpişgejigini ýapyp, nirädir bir ýerlere sumat bolup gidýär. chesme http://www.chrono-tm.org/tm/archives/275

Köneler, Hayranmen tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir