* Näme gözleýändigini bilmeýän adam, tapanynda-da, onuň nämedigine düşünmez. * Ähli zadyň gözelligi bardyr, ýöne, muny her kim görüp bilýän däldir. * Garaňka nägile bolma-da, birje şem ýak! * Gapyňyzyň öňüni arassalaman, goňşyňyzyň üçegindäki gara şikaýat etmäň! * Oýlanman öwrenmek peýdasyzdyr, öwrenmän oýlanmak howpludyr. * Alkyşy sessiz-üýnsüz kabul eden adam, alkyşa laýyk adamdyr. * Bir adam ýalňyşlyklaryny bilibem düzetmeýän bolsa, diýmek, olara öwrenişendir. * Beýik adam özüne akyl ýetirjek bolar, pes adam özgelere. * Bilmek adamy şübheden, ýagşylyk yzadan, kesgitlilik gorkudan halas eder. * Sypjyrylan almaz sypjyrylmadyk daşdan has gowudyr. * Gowy adam owadan gürleýän adam däl-de, aýdýanyny amal edýän ýa-da amal edip biljegini aýdýan adamdyr.
Konfusiniň pähimleri
-
mtsmts
12 years ago
- * Garaňka nägile bolma-da, birje şem ýak!
Şemiň bolmasa natmeli?
atdas 12 years ago- Konfusiý miladydan öňki 551-479-njy ýyllarda ýaşap geçýär.
Çagaka ýetim galan geljekki meşhur filosof ejesiniň elinde terbiýelenýär we atasyndan ylym öwrenýär. Ömrüniň ahyryna çenli Lu (häzirki Şan Dong welaýaty) şalygynda ýaşap geçýär. Ýaşlygynda emeldar bolup işlän Konfusiý, geljekde Hytaýyň ylmy taýdan ösmekligi üçin öz saldamly goşandyny goşýar. Konfusiniň düşünjeleri “Söhbetler we garaýyşlar” diýen kitapda beýan edilýär. Kitap akyldaryň şägirtleri we onuň yzyny eýerijiler bilen eden söhbetlerini we aýdan gürrüňlerini öz içine alýar we bu kitap hytaý nusgawy edebiýatynyň iň meşhur 13 eseriniň biri hasaplanýar. Konfusiniň taglymatynda ynsanperwerlik möhüm düşünje bolup, ol adamlaryň öz ata-babalaryna, ýaş we dereje taýyndan özünden ululara hormat goýmak, hökümdara wepadarlyk ýaly ahlak ýörelgelerine esaslanýan etikileriň we sosial garaýyşlaryň jemidir.
Konfusiançylyk agalyk ediji taglymat hökmünde ykrar edilen mahaly filosofyň özi hem “10 müň nesliň” mugallymy diýlip yglan edilýär. Akyldaryň taglymaty hytaý ýaşaýyş terziniň esasyna öwrülmeklik bilen hytaý siwilizasiýasynyň köp babatda ösen keşbe eýe bolmagyna getirýär.