Jemgyýet we onuň ösüşi barada ders berýän bir professor talyplaryny ýurduň çetki etraplarynyň birine iberýär we ol ýerde ýaşaýan 200 oglanjygyň şol wagtky ýagdaýyny derňäp, her bir çaganyň gelejegi barada çaklamalaryny ýazmagy tabşyrýar. Talyplaryň ählisi diýen ýaly, düýpli derňewlerden soňra: “Bu çagalaryň geljegi barada oňyn pikir etmek mümkin däl” diýen netijä gelýärler. Aradan ýigrimi ýyl geçýär we bu derňew işiniň hasabatlary bir saý-sebäp bilen şol ugurdan ders berýän başga bir professoryň eline düşýär. Professor öz okuwçylaryndan bu taslamany dowam etdirmegi we şol çagalaryň ahyrky ykbaly barada maglumat toplamagy talap edýär. Talyplar ol ýerden göçen ýa-da ölen 20 çagadan başga, galan 180 çaganyň 176-synyň akyllary haýran edýän ýokary başarnyk görkezip, lukman, inžener, aklawçy ýa-da uly işewür adamlar bolup ýetişendiklerini ýüze çykarýarlar. Professor öňki çaklamalar bilen düýbünden gabat gelmeýän bu netijäniň sebäplerini derňemek üçin, ol ýere hut özi gidýär. Birwagt geljegi garaňky-diýlip hasabat düzülen, bu gün bolsa her biri uly jogapkärçilikli wezipäniň eýesi bolan oglanlaryň ählisi bilen ýekän- ýekän duşuşyp, olar bilen has içgin tanyşýar. Professoryň: “Şeýle kyn şertlerden nähili baş alyp çykmagy başardyňyz?” diýen soragyna berlen jogaplaryň hemmesi birmeňzeşdi: “Ýaşaýan ýerimizdäki mekdepde bir mugallymymyz bardy. Şonuň irginsiz zähmeti we yhlasy bilen....” Professor bu mugallym bilen duşuşmak isledi. Mugallymy tapmak beýle bir kyn bolmady. Salgysyny alyp, öýüne baranda, ony onýyllyklaryň ýüzüne salan ýygyrtlaryna garamazdan, entek hem juda sagdyn görünýän bir garry zenan garşylady. Uly bilesigelijilik bilen garry zenandan bu çagalary bezzatlyk we garagollykdan saplap, başarnykly ýetginjekler edip ýetişdirmek üçin ulanan syrly usulynyň nämedigini sorady. Mugallymyň gözleri röwşenlenen ýaly boldy we ýüzüne ýylgyryş çaýyldy: – Örän aňsat – diýdi. — Men ol çagalara mährimi berdim. Gul Waka gadymy Ýunanda (Gresiýada) bolup geçýär. Bir adam, Sokratyň yzbasarlaryndan pelsepeçi Aristipposyňka (b.e. öň 435-366 ý) görme-görşe baryp, ogluna ylym öwretmegini soraýar. Pelsepeçi: — Elbetde – diýýär. — Ýöne, ogluňa berjek terbiýe we tälimim üçin müň altyn-pul tölemeli bolarsyň. Ýunanly ata: “Näme..! Müň altyn- pul diýýäňmi?” – diýip, zöwwe ýerinden galýar. “Müň altyn-pul bilen bir gul satyn alyp bolýar!” Aristippos jogap berýär: “Hawa, ogluň tälimine berjek müň altyn- puluň bilen bir gul satyn alyp bilersiň. Emma şol wagt öýüňde iki gul bolar.”
Jemgyýetin osushi
-
virmenaard
12 years ago
- mugallymyn pikir edishi uytgeshik eken. cagalary nahili dinletjegini bilipdir. cagalaram akylly bolmaga cemeli bolmasa kabir adamlara nahili dushundirsenem tonne yaly yuzune seredip duryar.
indi temadan dashary bir zat sorasym gelyar: cheshme gorkezenizde blog saytyn adresini beryaniz welin bu cheshme bolyamy? blog saytlary cheshme diyip gorkezmege nahili garayanyz?
-
Agent007
12 years ago
- Onna name keypine yazzymmy,shuny gocuren saydym tmolimpiad sho ucinem cheshme diydim.
-
virmenaard
12 years ago
- senin keypin gyzyklandyranok meni. bir blok saytdan cheshme gorkezyaniz, o yere baranda bashga bir blog saytdan cheshme. maglumatyn ynamlylygy cheshmesine bagly, blog saytlaryn cheshme gorkezilmegine nahili garayan ana shol meni gyzyklandyryar.
P.s. senin bu hekayana cheshme gorkezmek hokmanam dal. bu hekaya birinin one suryan pikiri dal.
-
Agent007
12 years ago
- Ay onna cheshmani gormedik bolla gecay
Agent007 12 years ago- Cheshme
Tmolipiad.org