salam gadyrly talyplar! taze okuw yylynyz dusumli bosun. mana bir temada komek gerek. men germaniya okuwa gitmek isleyarin. aranyzda shol yerde okap yorenleriniz ya da okap yoren tanyslarynyz bar bolsa mana bildirin. adym serdar mail:mr.annayew@mail.ru habarlasyn okanynyz ucin kop sagbolun!
GERMANIYADA OKAMAK ISLEYARIN KOMEK GEREK
-
Makintos
12 years ago
- ay dost bashga yurt tapmadynmay
-
nlo
12 years ago
- germaniyada okajak bolsan aşgabatdaky germaniyan ilçihanasyna bar. sana şol yerde ahli kömekleri bererler.
-
asdas
12 years ago
- molodes serdar git rossiya belarus ukraina yaly biderek yerlere gitmesen bolya...germanya ilçihanasyna bar dogry aytya nlo
-
asdas
12 years ago
- nemes akademik alyş-çalyş gullugy daad (deutscher akademischer austausch dienst) germaniýada okamak isleýän türkmen ýaşlaryna stipendiýaly okuw programmalaryny hödürleýär. stipendiýanyň möçberi studentiň ylym-bilim derejesine (bakalawr, magistr, doktor) görä üýtgeýär.
azatlyk radiosyndan merdan saryýew daad alyş-çalyş gullugynyň germaniýanyň bonn şäherinde ýerleşýän baş edarasynyň kawkaz we merkezi aziýa regiony boýunça bölüminiň başlygy kai franke bilen söhbetdeşlik geçirdi.
azatlyk radiosy: jenap franke, ilki bilen daad programmasynyň türkmenistandaky alyp barýan işleri, onuň berýän mümkinçilikleri barada gürrüň berseňiz.
daad alyş-çalyş gullugynyň germaniýanyň bonn şäherinde ýerleşýän baş edarasynyň kawkaz we merkezi aziýa regiony boýunça bölüminiň başlygy kai franke
kai franke: dogrymy aýtsam, daad programmasynyň türkmenistanda käbir kynçylyklary bar. sebäbi biziň ol ýerde doly derejeli wekilhanamyz ýok. biz häzirklikçe diňe germaniýanyň aşgabatdaky ilçihanasynyň üsti bilen iş alyp barýarys. eger-de türkmen talyplary gyzyklanma bildirseler, ilçihanada biziň bir ekspertimiz zerur konsultasiýalary berýär.
ýöne bu ýerde, elbetde, wagt çäkliligi bar. ýaňy hem belleýşim ýaly, biziň durnukly iş alyp barar ýaly özbaşdak wekilhanamyz ýok. eger-de türkmen hökümeti bize okuw jaýlarynyň birinden bir otagy bölüp bersedi, onda biz türkmen ýaşlary üçin doly derejeli, uzyn günüň dowamynda maglumatlary berip bilerdik. ýöne, gynansam-da, häzirlikçe biziň bu ugurdaky tagallalarymyz hiç netije berenok.
azatlyk radiosy: jenap franke, indi daad programmasy barada jikme-jik gürrüň beräýseňiz. ol kim üçin niýetelen, oňa kimler arza berip bilýär?
kai franke: biziň türkmenistandaky programmamyz ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplara, şeýle-de ýokary okuw jaýlaryny gutaranlara degişli.
2-nji ýa-da 3-nji ýyl okaýan talyplar biziň daad programmamyzyň tomusky okuwyna girmek üçin arza berip bilerler. bu tomusky okuwlar nemes dilinde alnyp barlyp, umuman, onuň maksady germaniýa bilen tanyşdyrmak. şeýle-de, ýokary okuw jaýyny gutaran ýa-da okuwynyň soňky kursunda okap ýören türkmenistanlylar biziň magistratura programmamyza gatnaşyp bilerler. hawa, biziň ýene-de ýaş alymlar we ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary üçin-de ýörite programamyz bar.
azatlyk radiosy: siziň programmaňyza gyzyklanma bildiren türkmen ýaşlary haýsy resminamalary hödürlemeli?
kai franke: biziň programmalarymyza gatnaşmak üçin arzanyň nusgasy biziň websahypamyzda, ýagny www.daad.de saýtynda ýerleşdirilen. arza bilen birlikde talyplar ýene-de käbir goşmaça resminamalary, has dogrusy, öz terjimehalyny, düşündiriş hatlaryny (cover letter) tabşyrmaly.
azatlyk radiosy: jenap franke, türkmenistanlylaryň siziň programmalaryňyza gatnaşmagy üçin, nemes dilini bilmekleri zerury şertmi?
kai franke: eger-de talybyň saýlap alan ýokary okuw jaýy nemes dilinde sapak berýän bolsa, onda, elbetde, onuň nemes dilini bilmegi gerek bolar. ýöne häzirki wagtda magistratura köplenç iňlis dilinde alnyp barylýar. şonuň üçin daad programmasyna gatnaşýanlar okuwy iňlis dilinde hem okap bilerler. ýöne munuň üçin olaryň toefl ýa-da şuňa meňzeş sertifikatlary bolmaly.
azatlyk radiosy: şu ýerde bir aýdyňlyk girizseňiz, ýagny arza berýän talyplar ilki uniwersiteti saýlap, soň size ýüz tutmalymy ýa-da ol synagdan geçenden soň, oňa siziň özüňiz ýokary okuw jaýlarynyň birini maslahat berýäňizmi?
kai franke: magistraturada okamak isleýän talyplar munuň ikisini hem birden etmeli. ýagny, olar okajak uniwersitetini saýlamaly we biziň programmamyza ýüz tutmaly. ýöne ylmy-barlag programmasy bilen gyzyklanýanlar diňe bize ýüz tutýarlar. degişli ýokary okuw jaýyny soň biziň özümiz hödürleýäris. emma magistraturada okamak isleýänler uniwersitetleri özleri tapmaly.
azatlyk radiosy: jenap franke, siziň okuw programmaňyza alynýan adamlaryň sanyna çäk goýulýarmy?
kai franke: hawa, bizde kwota bar. ýöne türkmenistandan örän ujypsyz adam bize ýüz tutýar. köplenç halatda biz türkmenistan boýunça berilýän kwotany dolup bilemzok, ýagny juda az adam ýüz tutýar. biz bu ýagdaýlary düzetmek üçin, köpräk tagalla etmek isleýäris.
azatlyk radiosy: soňky sorajak soragym, türkmen ýaşlary haýsy wagta çenli ýüz tutup bilýärler?
kai franke: gyzyklanýanlar biziň ähli programmalarymyz boýunça oktýabryň ahyryna çenli resminamalaryny tabşyryp bilerler.
türkmenistanda daad programmasy boýunça konsultasiýalary jenap žan-peter abraham alyp barýar. ol her hepdäniň çarşenbe güni öýlän sagat 14-16 aralygynda germaniýanyň aşgabatdaky ilçihanasynda konsultasiýalary geçirýär.
-
Makintos
12 years ago
- bäää rossiýa ýaly döwletler hem biderek diýäýdiñmi
-
makalester
12 years ago
- nemes boljakmay
-
zorro25
12 years ago
- beren maslahatlarynyz ucin kop sagbolun innem sho tayda okayanam tapylaysa))))
-
eminemshock
12 years ago
- ay ukrainada okayayn gelayman barik okuwa biderek yer
-
zorro25
12 years ago
- eminemshok, namesinden nagile ukrainan?
Bravo 12 years ago- Ayda iymitine 80 100€ cykya diyaler =)
ishlap gazansan hezildr. Sonam sowushyna bagly...