Terkidünýäligi öwreder ile, Özi galla basar altyn, zer bile. * * * Alymyň bileni söz bolsa ýalňyz, Batmaz köňüllere aýdany hergiz. * * * Alym oldur egri ýola gitmesin, Ne ile aýdyp-da özi etmesin. * * * Goý goçaklyk lapyny, ärlik dawasyny zyň, Deňdir aýal, ärligiň nebsinden ejiz bolsaň. * * * Bir agyzy süýjütgin eger gelse eliňden, Ýumruk urmak bir agza bu däldir ärlik bilseň. * * * Asly toprakdandyr adam oglunyň, Bolsun gylygyň hem misli gara ýer. * * * Ýoldaş eger howluksa, ýoldaş däldir ol oňly, Hiç köňlüňi baglama, saňa bent däle köňli. * * * Giň wagtynda goluň, golda garyby, Onuň alkyşyndan bela dep bolar. Ber, eger zarynlap dilese gedaý, Bermeseň galtaman gaňyryp alar. * * * Her oýun-mazadan, aýdylan sözden, Parasatly kişi bir sapak alar. Samsyga hikmetden ýüz bap okasaň, Ýakmaz gulagyna, oýunjak bolar. * * * Saz çyksa eger-de dutaryň heňi, Gulagyny burmaz bagşynyň eli. * * * Daň bilbili bilermiň, maňa ne diýdi säher, Sen özüň niçik ynsan, sen söýgiden bihabar. Arabyň goşgusyndan düýe oýnap galkynar, Dört aýakly bir mal sen, lezzet duýmasaň eger.
Dürdäneler (daşary yurt edebiyatyndan)
-
missmaysa
12 years ago
- sag bol yetirenine
-
nlo
12 years ago
- gaty onat sözler
hakykygyz 12 years ago- Sag bol awtor hasda sonky setirlerini haladym