Perzendiñ ata-enäniñ öñinde ten we dil bilen bagly borçlary. Berjaý eýle ata -enäñ kyrk hakyn, Hak tagalañ dergähine bol ýakyn. Ten biledir on haky,ýene ony, Dile degişlidir,sen bilgil muny. Onysy köñül biledir,ony-mal, Barçasyn hyzmatda kylgyl paýymal. Diñle indi,tendäki haky onuñ, Biri-hyzmat,biri hormatdyr,biliñ. Biri-emri-permanyny tutmakdyr, Biri-gadagandan yrak durmakdyr. Biri-sapar etme razy bolmasa, Biri-garşy al nireden gelse. Ýedinji-ýoldaş bol ol ýola barsa, Sekizinji-tiz ýet eger çagyrsa. Dokuzynjy,onunjy-möhümin onuñ Gijä goýman,örän basym bitirgiñ. Ýene on haky bar degişli dile, Bolsa atañ-eneñ,sen indi diñle. Biri-owazyndan öz owazyñy Belent kylman,sen indi diñle. Ýene biri-edepsiz söz diýmegil, Birisi-adyn tutup çagurmagyl. Söz diýmäni oña gadagan etme, Gös-göni ýüzüne bakyp,söz aýtma. Sözüñ aýtgyl hoşluk,ýumşaklyk bile, "et" diýip,"etme" diýip hiç sözleme. Ýüzüne garşy onuñ tüýkürmegin, Hem ýanynda gülmegin,pyñkyrmagyn.
Wagzy-azat (döwletmämmet azady)
-
andrey
12 years ago
-
pida
12 years ago
- Sagja bol!
-
turkmenntug
12 years ago
- sagja bol,Sähet han,ýetireniňe.
wagzy azady okaýan adamdan gowulyga garaşmaly !!!
-
turkmenntug
12 years ago
uşbu nazm içre sorsaň sene
müň ýüz altmyş ýedi erdi, bilsene.
bu kitap ismi nedir -diýp sorsaň at,
goýdular adyn munuň "wagzy-azat"
andrey 12 years ago- sag bol dost yetirenine