1. Yslam dini ähli adamzada inderilendir Yslam dininiň ähli adamzada inderilendigi baradaky hakykat Kurany Kerimiň aýatlaryna we hezreti Muhammediň (s.a.w.) sözlerine daýanýar. Kurany Kerimden getirilen ýokarky aýatlara goşmaça berlip, olarda bu hakykat şeýle beýan edilýär: «Aýt, eý ynsanlar! Şübhesiz, Men Ýeri-gögi ýaradan, özünden başga taňry bolmadyk, dirilik beren we öldüren Allahyň iberen pygamberidirin», (Araf,158). «Biz seni ähli adamzada buşlukçy we oýaryjy hökmünde iberdik», (Sebe, 28). Pygamberimiz bolsa öz hadyslarynda bu hakykat barada şeýle diýýär: «Menden öňki iberilen her pygamber diňe öz kowmuna iberilendir, emma men ähli adamzadyň pygamberidirin», (Buhary). Hijretiň altynjy ýylynda Pygamberimiziň yslama çagyrmak maksady bilen Müsür, Hebeşistan, Eýran, Wizantiýa hökümdarlaryna we töweregindäki beýleki taýpalara iberen hatlarynda «Men ähli adamzada iberilen pygamberdirin» diýmegi yslam dininiň ähli adamzada iberilen dindiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Köneler, Simpotyaga tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir