“Döwür beýle däldir” (Kerim Gurbannepesow) “Dünýe döräp, heniz şeýle ajaýyp döwür bolan däldir. Emma käbir naýynsaplar özleriniň ähli aýyplaryny döwrüň üstüne atýalar” (Ýaşulylar sowetynyň maslahatynda bir gojanyň aýdanlaryndan) - A-gyz, näme, hanmydyň sen! Geýinýärsiň beýle gymmat?! Her ýaglygyn – iki goýun. Her ýüzügiň – bir bedew at. Her köýnegiň bahasyna alyp boljak iki sygyr - Iller geýýär, menem geýjek. Döwür şeýle, döwür. - Gelin, näme dänjirýärsiň? Çüýredimi öňki dişiň? Altyn snei ýigdeltmändir: kyrk bolupdyr otuz ýaşyň. Hem pul seçdiň, hem garradyň, hem dişiňe berdiň jebir.. - Iller şeýdýär, bizem şeýtdik, Döwür şeýle, döwür. - A-how ýigit, bu nä boluş! Ýeňsäň saçy iki gujak! Bu gün-erte ogluň bolsa, sallançak hem ýasap boljak. Hany derrew il görmänkä sertaraşa tarap ýüwür! - Iller şeýdýär, menem şeýtdim. Döwür şeýle, döwür. - Men-ä seni tanamadym! Gözleriň-ä örän tanyş. Wiý, wiý, Berdiň gyzymy sen! Saçyň näme ýarty garyş? Dört örümiň şemal degse seslenerdi şowur-şowur… - Iller kesdi, menem kesdim. Döwür şeýle, döwür. Goňşym diýdi: “Toýdan bäri iş edenok oglum Anna!” Ogluň Anna iş edermi! Öýüň goşy – dokuw tonna. Ojakda-da öweç eti bylkyldap dur bygyr-bygyr… - Wah, şeýdýäs-dä.. Biz guraly! Döwür şeýle, döwür. - Dur, dur gardaş! Konwertiňi atma poçta ýaşigine! Işligini görmesem-de, seredeýin daşlygyna. Muň yzynda goluň ýokla! Näme barka, için çöwür?! - Çöwürmäge gaýrat ýokdyr. Döwür şeýle, döwür. - Şägirt inim, eserleriň setir sany çyldy çenden Kitaplaryň galňadykça, ýukalýarsyň günbe-günden! Setirleriň arasynda ne ýürek bar, ne-de bagyr… - Şu günki öýken….. besdir maňa Döwür şeýle, döwür. Omzy bilen bir gojany kakyp geçdi daýaw oglan. - Ýeri köçä sygaňokmy, garynjygy doýan oglan?! Degmedige ýylanlaram degmezmişin ömür-ömür - O diýýäniň ertekidir Döwür şeýle, döwür. Aýna bakyp bezenip dur çynar boýly Ogulsenem. - Hanha seret! Hamyry-da ýugrup otyr syrkaw eneň. Hany derrew eliň ýuw-da, iýjek nanyň özüň ýugur! - Ejemjandan aýlanaýyn! Döwür şeýle, döwür. Iki mellek ortasynda gygyrşyp dur iki goňşy. Ýeke garyş ýer üstünde turýar “watançylyk” urşy - Agam, sen bir parhlyrak bol, nämä gerek munça wagyr? - Parhly bolsaň nyrhyň bolmaz Döwür şeýle, döwür. - On otagly köşk gurupsyň. Keşik aga, berekella! Ýöne bu on… köpräk dälmi dört- bäş sany gara kellä? Görýän weli, bir aýlyk däl: kisejigiň örän agyr. - Aýlyk bilen iş bitenok. Döwür şeýle, döwür. - “Moskwiçli, Žigulili” köp duşupdyň uly ýolda. Bu gün bolsa garažyňda lowurdap dur mele “Wolga”. Bir başyňa nämä gerek munça rul, munça tigir? - Satýas, alýas… alýas, satýas… Döwür şeýle, döwür. - Köşek nirä howlugýarsyň? Ajalamy? Jenaýata? Kabinaňda – mele gelin. Özüň bolsa - juwan ata Bäş-on minut giç barsaň-da, toý eýesi eder sabyr.. - Döwre görä surmek gerek. Döwür şeýle, döwür. - Aý, goňşy jan jan, aýaklaryň kesildile işigmizden. Ozallar-a tä ýatýançak düşmezdiňem düşegmizden. Ýatlaşardyk geçenleri. Okaşardyk goşgy-şygyr. - Şygyr-pygyr ýatdan çykdy. Döwür şeýle, döwür. - Magazinyň takrap ýatyr. Planyň hem uklap ýatyr. Gerek zady, geçgel zady haçan aljak, Mämmet müdir? Bu gün – bu gün, ertir-ertir... Gutardy-la takat –sabyr. - Zat bermeseň – zat berlenok. Döwür şeýle, döwür. - A-how, dogan, düýn dämidi öz dostuňa wepaň hakda Güp-güp edip, gant deregne ant içýärdiň tokga-tokga. Indem dosta şyltyk atyp, dübläp ýörsüň gübür-gübür - Işim bitdi. Antyü ýitdi. Döwür şeýle, döwür. Öňümden bir ýigit çykdy ýetmiş ýaşly garry ýaly. Düýnem daýaw bir ýigitdi dagda biten garga ýaly. Bu gün bolsa garynja dek zordan ýörýär gybyr-gybyr.. - Şahyr, ýör bir … üçleşeli Döwür şeýle, döwür. Soradym men Döwre bakyp: “Dogurdanam, şeýlemiň sen? Hany antyň? Hany haýaň? Serhoşmyň sen? Telbemiň sen” Döwür maňa jogap berdi: “Men hemişe size bagly. Ulaldýan hem adam ogly, kiçeldýän hem adam ogly. Biri çekýär ýagta tarap, biri çekýär gijä tarap- Uly çekýär ula tarap, kiçi çekýär kiçä tarap. Ýagşylyga arka durdym, ýamanlary gaýgyrmadym. Dogurlyga çagyrdm men, egrilige çagyrmadym. Ýalan gepi diý diýmedim. Döwlet pulun iý diýmedim. Iki sygryň bahasyna köýnek edip geý diýmedim. Münmek üçin maşyn berdim, ýüz elliden bas diýmedim. Daranmaga darak berdim, dört örümiň kes diýmedim. Dynç almaga wagt berdim, okamaga – bagt berdim. Jübiňizden hak almadym, öz kisämden mugt berdim. Bugdaýňyzy orup berdim, pagtaňyzy ýygyp berdim. Her gün içjek süýdüňizem güjürdedip sagyp berdim. Söýüşseňiz – ýigit berdim, söýülseňiz – gözel berdim Lak atmaga söz tapmasaň – goşgy berdim, gazal berdim. Dertleseňiz derman berdim, işleseňiz – zähmet berdim. Ýaşamaga al baýdakly, adalatly Döwlet berdim. Bezedim men egniňizi, doýurdym men garnyňyzy. Ýöne weli käbiriňiz ýelä tutup burnuňyzy, Bar garany maňa sürtüp, Etseňiz-de uly gowur, Dünýe döräp bolan däldir. Meniň ýaly Uly döwür… Siz etmeli ömri ömür, Siz etmeli döwri döwür!”

Köneler, Makestm tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir