Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanlarda bir patyşa bar eken, özi adyllykda bir gyly iki ýarar eken. Günlerde bir patyşa pikir edip otyrka, öz öňünde: “Ynsanyň, haýwanyň erbedini nädip tanamak bolar?” diýen soragy goýupdyr. Şol bada- da: “Hä, tapdym, adamyň erbedi patyşa, malyň erbedi gatyr, guşuň erbedi bolsa alahekge bolar” diýip, pikirini jemläp oturyberipdir. Patyşa hemme ilatyny ýygnap: - Meniň üç sany soragym bar, şony kim bilse, özüme wezir edip aljak – diýipdir. Onda märeke: - Aýt-da, aýt – bolşupdyr. Patyşa: - Adamyň, malyň, guşuň erbedini on günüň içinde maňa aýdyp bermeli – diýipdir. Onda märekäniň içinden üç sany adam: - Patyşam, rugsat bolsa, biz bir synansak – diýipdir. Patyşa: - Bolýar, rugsatdyr, bilip geliň – diýipmişin. Ondan soň ýaňky üç adam patyşanyň ýumşuny bitirmek üçin ýola rowana bolupdyr. Bulara ýolda bur gotur düýe sataşypdyr. Olar: - Hä, malyň şundan ýamany bolmaz, bize hudaý berdi, geliň, muny tutalyň – diýip, ony tutup, özleri bilen alyp gidiberipdirler. Ýene-de gidip barýarkalar, bularyň öňünden çypar köse adam çykypdyr. Bular: - Hä, adamyň şundan aýylganjy bolmaz, muny hem bize alla berdi – diýip, ony- da özleri bilen alyp gidiberipdirler. Ýene-de gidip barýarkalar, bularyň öňünden bir ganaty döwük garga çykypdyr. Bular: - Şundan erbet guş bolmaz, indi patyşanyň üç sany soragynyň üçüsiniň-de jogaby jem boldy – diýşip, bu gargany hem özleri bilen alyp, yzlaryna gaýdyp gelýärler. Bu üçüsi yzyna gaýdyp gelýärkä, bularyň öňünden bir guýy çykýar. Şu guýynyň başynda otyrkalar, bularyň ýanyna bir çopan gelýär. Bu çopan bular bilen saglyk- amanlyk soraşyp: - Ýeri, ugur haýyr bolsun, bu ýerde näme işleýärsiňiz? – diýip sorapdyr. Onda ol üç adam: - Bizi patyşa şunuň ýaly iş bilen iberdi. Ine, biz bolsak şulary tapdyk, şulardan erbet adam, mal, guş bolmaz – diýipdir. Oňa çenli çopanyň goýunlary hem suwa inipdir. Çopan: - Örän ýagşy, siz patyşanyň adamlary ekeniňiz, siz arkaýyn oturyň, men goýun soýup, size söwüş edeýin – diýip, ýaňky çopan bir goýny soýup, nahar taýýar edipdir. Çopan bulara nahar, çaý berip bolandan soň: - Bu alyp barýan zadyňyzdan patyşanyň isleýän jogaby çykmaz, bulary goýberiň, men size patyşanyň isleýän jogabyna ýarajak zatlaryny salgy bereýin, ýöne siz meniň adymy oňa aýtmaň – diýipdir. Bular: - Biz seniň adyňy aýtmarys, ýöne sen bize patyşanyň jogabyny aýdyp berseň bolýar – diýipdirler. Çopan: - Adamyň erbedi patyşa bolar, malyň erbedi gatyr bolar, guşuň erbedi alahekge bolar diýip aýtsaňyz, patyşa kanagatlanar – diýipdir. Bular begenip, çopandan bu zatlaryň erbet bolýandygynyň sebäbini hem soraman, patyşanyň ýanyna ugranlar. Bular bärden baryp: - Patyşam, siziň soraglaryňyzyň jogabyny tapdyk – diýipdirler. Onda patyşa: - Hany, onda aýdyň, adamyň erbedi haýsy bolar? – diýip soran. Onda olar: - Patyşam, adamyň erbedi patyşa bolýar – diýenler. Patyşa onuň sebäbini sorapdyr welin, olar aýdyp bilmändirler. Patyşa syr duýdurman: - Bolýar, malyň erbedi haýsy bolýar? – diýip soraýar. Bular: - Malyň erbedi gatyr bolýar – diýip jogap berýärler. Patyşa munuň hem sebäbini sorapdyr, emma olar jogap berip bilmändirler. Patyşa ýene-de syr duýdurman: - Onda guşuň erbedi haýsy bolýar? – diýip soraýar. - Patyşam, guşuň erbedi alahekge bolýar. Patyşa munuň hem sebäbini soranmyşyn, emma olar sebäbini aýdyp bilmänmişler. “Be, bular meniň soraglarymyň jogaplaryny bildiler, emma sebäplerini aýdyp bilmeýärler, elbetde, bulara akylly adam öwreden bolmaga çemeli, gel, men bulary sykajaga salaýyn” diýip, patyşa öz içinden oýlanan. Patyşa: - Ýagşy ýigitler, size bu zatlary kim öwretdi? – diýip soraýar. - Patyşam, biziň özümiz bilýäris. Patyşa: - Ýok, size biri öwredipdir, şuny size kim öwreden bolsa, şony alyp geliň – diýip, olaryň ýanlaryna bir ýasawul hem goşup goýberipdir. Bular hälki çopanyň ýanyna baryp: - Seni patyşa çagyrýar – diýip, özleri bilen alyp gaýtjak bolupdyrlar. Onda çopan: - How, adamlar, men bir çopan adam, men kişiniň malyny taşlap gidip bilmerin ahyry, ýörüň, mallary eýesine tabşyralyň, ondan soň gideliň – diýenmişin. Şondan soň, mallary sürüp eltip, eýesine tabşyranlar we çopany patyşanyň ýanyna alyp baranlar. Patyşa: - Ýeri, ýagşy ýigit, seniň adyň näme, näme edýärsiň? – diýipdir. Çopan: - Meniň adym Aýaz, kärim bolsa çopançylyk – diýenmiş. Patyşa: - Aýaz han, “Adamyň erbedi patyşa, malyň erbedi gatyr, guşuň erbedi alahekge” diýip, bulara sen öwretdiňmi? – diýipdir. Aýaz: - Hawa, özüm-ä bir zatlar aýdypdym, ýöne: “Meniň aýdanymy aýtmaň” diýip tabşyrypdym – diýenmiş. Patyşa: - Ol zatlaryň zyýany ýok, ýöne sen ýaňky zatlaryň erbetdiginiň sebäbini aýdyp ber – diýýär. Aýaz: - Patyşanyň erbetdiginiň sebäbi, başga adamyň güýjünden peýdalanýar, hiç kime zat bermeýär, şonuň üçin adamyň erbedi patyşa bolýar. Malyň ýamanynyň gatyr bolýandygynyň sebäbi-de, ol owal gargyş siňen haýwandyr, özünden hem hiç wagt tohum ýaýramaýar, onuň üçin bolsa gatyr iň erbet mal bolýar. Guşuň erbedi bolsa, alahekge bolýar, çünki ol janawer agzyndan guzlaýar – diýip, patyşanyň soraglarynyň jogabyny pert- pert aýdyp berenmişin. Patyşa: - Aýaz han, hemme aýdanlaryň dogry, çykar çarygyňy – diýip, oňa gowy geýimler geýdirip, ony özüne wezir edinenmişin. Aýaz hem çarygyny öz ýany bilen alyp, ony hemmä görnüp durar ýaly bir ýerden asyp goýanmyşyn. Günlerde bir gün Aýaz hanyň bir zada gahary gelmäge başlaýar welin, onuň gözi birden öz çarygyna düşüp: “Haý-haý, Aýaz han, çarygyňa bakarak bol! Düýn sen-de bir ýönekeý çopandyň, bu günki gün wezir boldum diýip, tumşugyňy al-asmana tutýaň” diýip, öz-özüne töwella edip, pälinden gaýdanmyşyn.

Köneler, Karat tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir