Salam günlük. Bügün nähili gün boldaý. Käbirleri begenip dur käbirleri aglap ýatyr. Awgust aýy kän gowy başlamady. Saňa dostum Daniel hakda gowy zat ýazjak şugun. Daniel (Dani) dünýä diller institutyň ispan dilinde okamak isledi. Oň kellesine ispan dili nireden geldi bilemok men-ä. Aý ilden galmaýyn diýip tabşyraýandyr-laý. Yzyny Danieliň özünden diňläýeli. Daniel: şo gün (ekzamen güni) öýden çykamda şo günki ekzameni hiç alada etmändi. Ekzamen iňlis dili. Aý näme menem iňlis dilini 10 ýyl okamsoň özüme göwnüm ýetip çişen bolup uniweriň yoluny tutdym. Oyden çykamda Hudaýberdiýew köçäniň beýle owadan bolýanyny 1nji gezek gördüm. Hemme zat täzeden reňk açan yaly. Ekzamene girdim, biledi çekdim. Ohooo ana sana nesibe. Ansat sorag duşdi. Bilyän zatlarymyn hemmesini yazdym. Sonam oturyp hemmesini täzeden barladym. Ekzamen inlis dilinden gidip durdy men bolsa indiki ekzameni (turkmen dili we edebiyaty) gaygy etýädim. Mugallym menden ýene 1 sorag sorady. Soragada dusunmedim, jogabyny nirden bileyin. Ay garaz menem akyllysyradym mugallymam gahary gelip sorag ýagyşynda ezdi meni. -gayday inim, indiki ýyl geläy. Gorýäňa jogaplaryn ýetenok. Ýalnys diyemok ýöne bu jogaplar bilen men seni geçirip bilemok. Men näme etjegimi bilemokdym, yaşlyk edipdirin. Oýe gaytdym. Hudayberdiyewiň renkleri solupdy gysga wagtyn içinde. Garyndaslarymyn gozune gorunesim gelenokdy. Utanýadym, okan mekdebim hem turkmenistanyn in gowy mekdepleridi, mekdep dowrunde-de dine ustunlik. Hormat haty diyilyan gaty kagyzdan dolupdy şkafym.ekzamenden 1 ay dagy geçdi, men koşeşdim. Irden sagat 11de turupdym o gunem. Telefonumy gorsem dayym jan edipdir. 5 gezek jan edipdir 1 sms. Menem yzyna jan etdim. Dayym: -dani işläsiň gelýämi? Men işleýän ýerime kompyuter gowy bilýän biri gerek. Iş gerek diysenä gel ertir. Men: -bor daýy men size baryp barmajagymy agsam aydayyn. So agsam ejem kakam bn maslahatlasdym we yurdumyzyn basga bir owadan ýerine yagny Turkmenbashy shaherine fransuzlaryn “petronas” firmasynda işläp basladym. 1nji gezek aylyk aldym, bu duygy welin gaty uytgesik. Gen galyan zadym kakamyn aylygyndanam kopdi menki. Yashym 17, dowlet isinde islemage rugsadym bolmanson firmada işlemek islapdim. Iş dowri gaty uytgesik. Indiki ýyl dasary yurtda boljak ekzamene dokumentlerimi iberdim. Çakylyk geldi. Ekzamen azerbeijanda (baku) boljak eken. Içimden näme uçindir gitmek islemeyandim. Gitmedim. Son ukraina gitmek isledim. Tanys tapdym we so yerde uniwersitet okamaga basladym. Bu ýerdede hemme zat uytgesik. Turkmenistandan 1nji gezek çykyanym uçin biraz aladaly bolsamda bu durmusy halapdym. Çalt owrenisdim. Okuwlarym gowy. 1nji kurs gaty gowy gutardy. Esasanam matematika mugallymym bilen aram gowydy. Okuwam sag aman gutardym indi yene basga yurda gitmek islegim bardy. Okuw dowrumde bir gezek gonsy yurda(turkiya) gezelenje gitdim. Bah ukrainadana owadan eken diydim. Okuwlarymdan son oye gidesim gelenokdy. Menem yene basga yurda gidesim geldi. Masgalam hiç haçan mana ýok diymändi. Menem amerikan yoluny tutdym. Islap basladym, hemme zat gul yaly. Ine hazirem men so yerde. Ine gunluk danielin seylerak durmusy bar eken. Menem mundan netije çykarmak isleyan. Eger dani so wagt ispan dilini okan bolsa ol ukrainany, turkiyani, amerikany gormezdi. Ustesine ispan dili kime gerek, dani haysy kelle bilen sol ugry sayladyka. Duyn habarlasamda ol eyyam ispan dilini owrenip baslapdyr. Ozi owrenyan eken. Ispan ishdeshleri bar eken. Ay gysga wagtda owrener. hemme isde hayyr bar gunluk. Okuwa girmandir gowy bolupdyr, ine goryanmi indi dani nirelerde. Hudayberdiyewiň renklerini biderek soldurypdyr. Sugunlikçe sunça zat yeter.... 6/august/2012.

Köneler, virmenaard tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir