Inede ýok sen, ömür ylhamy. Sowuklyk aralaşýar ullakan kalba Sessizlik, garaňkylyk, gün batyşy deý Gözleri gaplaýar sensizlik ejiri Sen uzak, şol barmana sen ýanymda Seni görýär meniň kütelşen gözlem Ýöne barmyka syzmak ýende-de , Seni edil şol günlerdäki deý bagt Mähirli, sada bakyşlaň bilen Gülüş ýaňlanmasy, häzirem gulakda Seni görýärkam, hut bir dem-de Perwana bolýardym, mawy asmanda Ýok indi enaýyja gyzjagaz bärde Aslynda barda, indi meňki däl Söýgisin tapandyr, bagtly bolandyr Diýip umytly men, ejir berse- de Ejir berse-de men häzirem söýýän, Şol mylaýym bakyşy, şol sada gyzy Ine görýärin ony bäbekli, Bagtlydyr belki ol öz ýary bilen Görýärin ol çagaň gözlerin ýanşyn, Edil seňki deý ýanýar ahbetin Bu giden durmuşyň ajysyn görmän Dünýä ýaňy gelen eýjejik melek Ýatlaýan biziň bile bolan günleri Gözlerde ýaşlar dolanýar ýene, Her pursat ýatlamda yarym seni Ejizlänim duýman galýan ýene-de Gam-gussa batýaryn, ýöne şol pursat Kalbymy goldaýar bar bolan umyt, Teselli berýär ol “gam çekme eý, dost Bir gün bu ýüregem bolar bagtly” IMP.

Köneler, imperator tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir