Hormatly müşderiler! MTS Kompaniýasynyň Türkmenistanda öz işine başlamagynyň öňi syrasynda, Altyn asyr öýjükli aragatnaşyk kärhanasynda hem her gün diýen ýaly täzelikler bolup geçýär. Ine, bu gun bolsa Altyn asyr öýjükli aragatnaşyk kärhanasy öz müşderilerine "Meniň hasabym" atly täze hyzmaty berip başlady.Bu hyzmatyň kömegi bilen siz, öz adyňyza 5 sany nomer alyp we 1 ýa-da 2 nomeriňizi başga müşderä beren bolsaňyz, onda siz şol beren müşderiňizdäki nomeriniziň hasabyndaky puly öz telefonyňyzda barlap bilersiniz. Onuň üçin 0806 gysga belgä müşderi belgisini ýazyp SMS ugratmaly. Üns beriň! Müşderi belgisi halkara görnüşinde (+9936xxxxxxx) ýazylmalydyr we siziň adyňyzda hökmany ýagdaýda 5 nomer bolmalydyr! Hyzmat Altyn asyr öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň ähli müşderilerine mugt ýerine ýetirilýär.Hormatlamak bilen: Toýly SAZAKOW we Altyn asyr öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň sorag-jogap gullugynyň operatorlary ÜNS BERIŇ! Şu habary bizden rugsat alman Azatlyk radiosynda cap etmek gadagandyr!!!

Köneler, Shamahyly tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir