25-nji iýunda oýnalan iň soňky çärýek final oýnunda Angliýa Italiýadan 11 metrlik jerime urgularyndan soň ýeňliş bilen öýlerine dolanmaly boldylar. Esasy wagtda we goşmaça wagtda açylmadyk hasap jerime urgylaryndan soň 4:2 italiýaň peýdasyna tamamlandy. 11 metrlik jerime urgylarynda Angliýadan bir pökgi hasabynda yza galanlaryna garamazdan töwekgellik edip Panenki stili bilen derwezä pökgini gönükdirmegi başaran Pirlohem Italiýaň çärýek final oýnunda esasy wakalaryň biri boldy we üstüne öwgi bary ýagdy. Aslynda Panenki stiliniň döreýşi hakda aýtsak, bu penalty urgusynyň görnüşi. Ady bolsa Çehoslowakiýaly futbolçy bolan Antonina Panenkiniň hormatyna goýlan. Ol 1976-njy ýylyň Ýewropa çempionatynyň finalynda FRG-niň (Germaniýa) derwezesine 11 metrlik jerime urgylarynda öz penalty urgusyny ilkinji gezek ýerine ýetirip taryha öz adyny ýazdyrýar we häzirem şol ýerine ýetirilişe Panenki stili diýilýär.

Köneler, messibet tarapyndan 11 years ago
    Shajy 11 years ago
  • treniri shajyny yatdan chykarypsyn tolgunma akylym1989
    ahmetjan18 11 years ago
  • Suratdaky oýuncy karlos welodrama öýdýän.dogrymy messibet
    ahmetjan18 11 years ago
  • Gollandiýaly Ruud gullit bolmagy hem ahmal.
    messibet 11 years ago
  • Aklym onaraydynow sena. Indi tema achmasamammykam:)
    Ahmetjan dogry bildin. Suratdaky Gollandiyaly Rowayaty oyunchy Rudi Gullit.
    akylym1989 11 years ago
  • messibet men size tema açma diýemmok dogruja hasaplaň diýýän!
    virmenaard 11 years ago
  • pirlo panenkany bet ulanypdyr
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri